Beýik Britaniýada “Stagecoach” atly sürüjisiz awtobuslar synag hökmünde ýola çykdylar. Olar Şotlandiýanyň paýtagty Edinburg bilen Faýf etrabynyň arasynda ýolagçylary gatnadarlar. Bu barada ýurduň “Evening Standard” neşirinde habar berilýär. Kompaniýa sürüjisiz awtobuslary “CAVForth” meýilnamasynyň çäklerinde 2025-nji ýyla çenli synagdan geçirmekçi.
Awtobuslar sürüjisiz diýlip atlandyrylsa-da, iki işgäri bolup, birinjisi ulag serişdesini gözegçilikde saklaýar, ikinjisi müşderilere hyzmat edip, petek satýar.
-Biz Şotlandiýanyň gündogarynda sürüjisiz awtobuslaryň ilkinji tapgyryny işe girizdik – diýip, “Stagecoach UK”-nyň dolandyryjy direktory Karla Stokton aýtdy. Ol sürüjisiz awtobuslaryň işe girizilmeginiň jemgyýetçilik ulagynyň ösüşinde täze tapgyrdygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Stagecoach” şular ýaly bäş awtobuslaryň hepdede 10 müňe golaý adamy gatnadyp biljekdigini tassyklaýar. Ulaglar AB1 diýlip atlandyrylan ulgama salnan ugur boýunça hereket ederler. Onuň uzynlygy 21 kilometr bolup, ulaglar sagatda 75 kilometr tizlik bilen hereket eder. Bu hökümet tarapyndan pul kömegi bilen goldanylýan ýurtda ilkinji sürüjisiz ugurdyr.
“CAVForth” Beýik Britaniýada awtonom ýolagçy awtobus gatnawyny ösdürmek boýunça Şotlandiýanyň gündogarynda synag taslamasydyr. Ol bölekleýin hökümet tarapyndan maliýeleşdirilýär.