Ilkinji sloweniýaly türgen

ýaryşlarynyň üç uly bäsleşiginiň biri bolan “Vuelta a Espaňa”-da “JumboVisma” toparynyň sloweniýaly türgeni Primož Rogliç ýeňiş gazandy. 29 ýaşyndaky türgen ilkinji gezek “Gran Tur” ýaryşynda çempion boldy.

Ol 21 tapgyrdan ybarat bolan 3290,7 kilometr aralygy 83 sagat 7 minut 14 sekuntda tamamlady. 21 tapgyryň diňe birinde, ýagny 10-njy tapgyrda ýeňiş gazanan Rogliç şondan soň umumy sanawda öňe saýlanyp, ýaryş tamamlanýança-da ornuny saklamagy başardy.

Rogliç “Gran Tur” ýaryşlarynda çempionlyk gazanan ilkinji sloweniýaly türgen boldy.Rogliçden 2 minut 33 sekunt az netije görkezen “Movistar” toparynyň ispaniýaly türgeni Alehandro Walwerde 2-nji, “UAE Team Emirates” toparyndan başga bir sloweniýaly Tadež Pogaçar 3-nji orny eýeledi.

Kolumbiýaly meşhur welosportçular Nairo Kuintana (“Movistar”) bilen Migel Anhel Lopez (“Astana”) 45-nji ýerleri paýlaşdylar.74-nji gezek geçirilen ýaryşda utuk toplamak boýunça Primož Rogliç, dag bäsleşikleri boýunça “AG2R La Mondiale” toparynyň fransiýaly türgeni Jeoffreý Buşar, ýaşlaryň arasynda bolsa, Tadež Pogaçar ýeňiji boldy.

Ýene degişli makalalar

Sloweniýaly türgeniň “Tour de France” ýaryşyndaky taryhy ýeňşi
“Žiro d’Italianyň” TÄZE ýeňijisi
Niderlandly welosipedçi wan Wlýoten we sloweniýaly Rogliç bölüşik ýaryşlarda ýeňiji boldular
“Tur de Frans” yň ýeňijisi Geraýnt Tomas
Ispaniýa welosport ýaryşynda çempion üýtgemedi
UEFA-da ýylyň toparynyň dalaşgärleri mälim edildi