Ilkinji pleý-off oýunlary tamamlandy

Ilkinji pleý-off oýunlary tamamlandy

Ýewropa ligasynda 1/8 finala çykmak üçin ilkinji pleý-off oýunlary tamamlandy. Barselona öz meýdanynda Napoli bilen deň oýnady (1:1), Betis myhmançylykda Zenitden üstün çykdy (2:3), Borussiýa Dortmund Reýnjersden asgyn geldi (2:4), Şerif Bragany ýeňlişe sezewar etdi ( 2: 0).

Bu duşuşyklar Match TV, Match! Futbol 1, Match! Futbol 2, Match! Futbol 3 teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda görkezildi.

Barselona (Ispaniýa) Napoli (Italiýa) - 1: 1 0:1 - 29 Zelinski, 1:1 - 59, 11 m. j. u. Ferran Torres.

Zenit (Russiýa) Betis (Ispaniýa) - 2: 3 0:1- 8 Gwido Rodriges, 0:2 - 18 Willian Jose, 1:2 - 25 Dzýuba, 2:2 - 28 Malkom, 2:3 - 41 Andres Guardado.

Borussiýa Dortmund (Germaniýa) Reýnjers (Şotlandiýa) - 2: 4 0:1 - 38, 11 m. j. u. Tawernýe, 0:2 - 41 Morelos, 0:3 - 49 Landstrem, 1:3 - 51 Bellingem, 1:4 - 54, awtogol Zagadu , 2:4 - 82 Gerreýru.

Şerif (Moldowa) Braga (Portugaliýa) - 2:0 1:0 - 43, 11 m. j. u. Till, 2:0 - 82 Traore

Ýene degişli makalalar

Azmun Baýer bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, Barselona öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler
“Bawariýa” londonlylaryň 2 futbolçysyny 116 million ýewro transfer etdi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
Ahal Çempionlar ligasyndaky ilkinji duşuşygyny Aşgabatda geçirer
Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije
Öňünden çykany ýeňýär