Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar ilkinji kosmos myhmanhanasynyň gurluşygyny, şol sanda, başga-da birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilmegini togtatdy.Ispaniýanyň El Mundo neşiriniň habaryna görä, Gateway Foundation 2027-nji ýylda stratosferada myhmanhana açmagy meýilleşdirýär. Şunuň bilen birlikde geljekki myhmanhananyň ady üýtgedilip, mundan beýläk ol Fon Braun kosmos stansiýasy däl-de, Woýager stansiýasy diýlip atlandyryljakdygy bellenilýär.
Halka görnüşli stansiýadaky aýry-aýry kapsulalaryň otaglaryndan Ýer togalagyny synlap boljakdygy habar berilýär.
Müşderilere Ýere golaý orbitada bir hepdeden birnäçe aýa çenli wagt geçirmek, hatda, has uzak wagtlyk esasda ýerleşmek mümkinçiligi berler. Meýdany 50 müň inedördül metre deň bolan myhmanhananyň düzüminde 440 adam üçin ähli amatlyklary bolan otaglar, garbanyşhanalar we sport zallary bolar.
Binagär Tim Alatorreniň pikiriçe, taslamanyň maksady hemmeleriň kosmosa elýeterliligini gazanmakdan ybarat bolup, dynç alyşlary geçirip boljak täsinliklerden doly ýer döretmek. Şeýle-de bolsa, açylandan soňky ilkinji ýyllarynda myhmanhanada diňe barjamlylaryň dynç alyp biljekdigi bellenilýär. Gurluşyk bilen meşgullanýan Orbital Assambleýa korporasiýasynyň habaryna görä, ilki bilen stansiýanyň merkezi elementini orbita çykarmak baş maksat bolup durýar.
The post Ilkinji kosmos myhmanhanasy açylar appeared first on Zaman Türkmenistan.