15 ýyl mundan ozal - 2007-nji ýylyň ýanwarynda Apple-iň esaslandyryjysy we şol wagtky baş direktory Stiw Jobs Macworld Expo sergisinde kompaniýanyň ilkinji smartfonyny - iPhone-ny tanyşdyrypdy.
Apple iPhone 2G diýlip atlandyrylan bu smartfon Samsung kompaniýasynyň S3C6400 ýeke ýadroly ARM prosessoryna esaslandy. Onuň takt ýygylygy 620 MGs, LPDDR1 operatiw ýady 128 MB bolup, içki gory 4-den 8 Gb-a çenlidi.
Apple ilkinji gezek smartfonda Multi Touch funksiýasyny (birbada iki gezek galtaşyp bilmek) goldaýan sygymly sensorly ekrany ulanan ilkinji kompaniýa boldy. Ekran galtaşyga has duýgur edilipdi we agyr basmany talap etmeýärdi, interfeýs bolsa bir barmak bilen dolandyrmak üçin optimallaşdyrylandy. Ekranyň diagonaly 3,5 dýuým, ölçegi 320 × 480 pikseldi.
Smartfon iPhoneOS 1 operasiýa ulgamynda işledi. Onda diňe iTunes, Senenama, Habarlar, Suratlar, Kamera, YouTube, Stocks (Yahoo! Finance), Kartalar, Howa, Sagat, Kalkulýator, Bellikler, Sazlamalar bardy.