Ilkinji iňlis topary

Angliýanyň FA Kubogyna “Mançester Siti” topary mynasyp boldy.Londondaky “Wembli” stadionynda oýnalan finalda “Mançester Siti” topary “Watfordy” 60 hasabynda ýeňdi. “Mançester Siti” toparyna ýeňiş getiren gollary Dawid Silwa (26), Gabriel Žesus (38, 68), Kewin De Bruýne (61) hem-de Rahim Sterling (81, 87) derwezä girizdi.

FA Kubogynyň finalynyň taryhynda 2-nji gezek duşuşyk 60 hasabynda tamamlandy.Ondan öň 1903-nji ýylda “Býuri” topary “Derbi Kauntini” 60 utupdy. “Mançester Siti” kluby 8 ýyldan soň, FA Kubogynda ýeňiş gazandy.

Bu olaryň 6-njy FA Kubogy çempionlygydyr (1904, 1934, 1956, 1969, 2011, 2019). “Watford” topary 1984-nji ýyldan soň, 2-nji gezek finaldan boş gaýtdy. Şu möwsümde Liganyň Kubogy bilen “Premier liganyň” çempionlygyny gazanan “Mançester Siti” FA Kubogyna-da mynasyp boldy. Şunlukda, “Mançester Siti” bir möwsümde ýerli 3 kubogy hem gazanan ilkinji iňlis topary bolmagy başardy.

Pep Guardiola bolsa, karýerasyndaky 27-nji kubogyny asmana göterdi.

Ýene degişli makalalar

“Mançester Siti” bäş-bäşden çempionlyga barýar
Sport gysga habarlar
Mançesterlileriň şowly başlangyjy
Türkmenistan: Sport bu hepde Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 15 duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi
189 günde 93 duşuşyga tomaşa etdi