Ilkinji halasgär robot işe başlady

Hytaýly alymlar emeli aňyň esasynda özbaşdak işlemäge ukyply bolan ilkinji halasgär roboty döretmegiň hötdesinden geldiler.Bu robot Loýandaky Lohe derýasynda synagdan geçirildi we bu synagdan soň robot yzygiderli gözegçilik işine başlady.

Bu barada “South China Morning Post” habar berýär.Bu täze enjam köp mukdarda maglumatlary işläp bilýän emeli aň ulgamy tarapyndan dolandyrylyp, enjam adam tarapyndan gözegçilikde saklamazdan gije-gündiziň dowamynda işlemäge mümkinçilik berýän nawigasiýa we gözegçilik tehnologiýalary bilen üpjün edilendir.

Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, robotyň gurluş ýagdaýy seljerilip, adamyň suwa girmeginiň sebäbini, şeýle hem kömege mätäçdigini ýa-da däldigini kesgitleýär.Robot gollary bilen ejir çeken adam borta özbaşdak ýapyşyp bilmese, ony suwdan çykaryp biler.

Mundan başga-da, hünärmenler adamyň suwda gark bolup bilýändigini, halas etmek üçin aýgytly wagtyň bolsa, takmynan 5 minut wagt aralygydygyny belleýärler.Täze döredilen gözegçilik roboty bolsa, heläkçiligiň bolan ýerine adamdan çalt baryp bilýär. Şeýlelikde bu üstünlikli döredilen robot ynsan ömrüni halas etmekde möhüm rol oýnap biler.

Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy. /* custom css */ .td_uid_15_67349703e97a6_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67349703e97a6_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy
Ilon Mask Hytaýa bardy
Hytaýda 19 sany täze hünär resmi ykrar edildi
Filippinli erkek kişi 70 ýaşynda lukman boldy
Hytaýly lotereýa petegine öz maşgalasynyň doglan günlerini ýazyp, 24 million ýuan utdy
Hytaýda ene-ata 37 ýyla çeken gözlegden soňra ogluny tapdy