Ilkinji gezek uçurdy

Hytaý orta agyrlykdaky ýükleri daşamaga niýetlenen “Long March 8” atly göteriji raketany ilkinji gezek uçurdy. Raketa 3-4,5 tonna aralygyndaky ýüki 700 kilometr belentlikdäki orbita çykaryp bilýär. “Xinhua” agentliginiň habaryna görä, raketa arkaly 5 sany emeli hemra kosmosa iberildi. “Long March” raketa seriýasyna degişli raketalar dürli agyrlykdaky ýükleri daşamak üçin peýdalanylýar.

Hytaý ilkinji milli emeli hemrasy bolan “Donfanghong 1”-i 1970-nji ýylda “Long March 1” raketasy arkaly uçurdy. Şondan bäri bu raketanyň 16 nesli öndürildi. Häzirki wagtda “Long March 2C”-den “Long March 11” aralygyndaky seriýalara degişli raketalar dürli maksatly emeli hemralary kosmosa çykarýar.

The post Ilkinji gezek uçurdy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Kosmos internetini ýola goýar
Hytaý "Yaogan-33" atly uzakdan duýgur emeli hemrasyny kosmosa iberdi
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Hytaý kosmonawtlary uçuryldy