Ilkinji gezek gol geçirip bilmedik Ronaldo, şol sanda ýoldaşlary öýlerine dolanmaly boldy

Ýewropa çempionatynda 2-nji ýarym finalçy Portugaliýanyň ýygyndysy bolup, olar penaltileriň netijesinde Fransiýanyň ýygyndysyndan utuldy.

Hamburgda geçirilen duşuşygyň esasy hem-de goşmaça wagtynda hasap açylmady.Howply pursatlar bolsa-da, taraplary topy derwezä girizmek başartmady.Soňlugy bilen, penalti urgularynda fransuzlar başyny başlap, ýerine ýetiren 5 futbolçy-da (Dembele, Fofana, Kunde, Barkola, Hernandes) topy derwezä girizmegiň hötdesinden geldi.

Portugallarda Ronaldo, Bernardo Silwanyň urgulary takyk boldy. 3-nji urgyny uran Žoao Feliksiň topy sütünden yzyna gaýtdy. 4-nji urgyny Nuno Mendeş dürs urdy. Ýöne Fransiýada Teo Hernandesiň urgusynyň gol bolmagyndan soň, portugallarda 5-nji urgyny ähmiýeti galmady.

Netijede, 5-3 hasabynda ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýgyndysy ýarym finala adyny ýazdyrdy.Fransiýanyň ýygyndysy soňky 5 uly ýaryşda (ÝÇ, DK) 4-nji gezek ýarym finala çykmagy başardy.Fransiýanyň ýygyndysynyň ýarym finaldaky garşydaşy Ispaniýanyň ýygyndysy bolar.

Duşuşyk 9-njy iýulda, sişenbe güni Münhen şäherinde geçiriler.

Soňky 15 duşuşygynda Fransiýadan 12-nji gezek utulan portugallar çempionlykdan soň 2 ýaryşda-da iň gowy 4 toparyň hataryna goşulyp bilmedi. Toparyň kapitany Kristiano Ronaldo karýerasy boýunça 30-njy gezek Ýewropa çempionatynda meýdança çykdy. Ol Ýewropa çempionatyna 30 oýna ýeten ilkinji futbolçydyr.

Şeýle-de, Ronaldo ilkinji gezek uly ýaryşy gol geçirmezden tamamlady. Ol Dünýä Kubogy we Ýewropa çempionatyna jemi 11-nji gezek gatnaşyp, şolarda 9 oýundan bäri gol geçirip bilenok.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji finalçy Ispaniýamy ýa-da Fransiýa?!
Münhende başlap, Berlinde tamamlanar
16 duşuşyk 48 gol
Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy
Taryhy ýeňişleriň başlangyjy ilkinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1974)
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde