Ilkinji gezek geçirilýän ýaryşyň ilkinji çempionlary

Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilen sörfing ýaryşlarynyň ýeňijileri belli boldy. Erkekleriň arasynda braziliýaly Italo Ferreira çempion bolup, ol finalda ýaponiýaly Kanoe Igaraşiden üstün çykmagy başardy. Braziliýaly sörfçi 15,14, ýaponiýaly türgen bolsa 6,60 utuk toplady. Bürünç medal ugrundaky duşuşykda awstraliýaly Owen Raýt braziliýaly Gabriel Medinany ýeňlişe sezewar etdi (11,97:11,77).

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşda amerikaly Karissa Mur altyn medaly eýeledi. Ol finalda Günorta afrikaly Bianka Buitendagdan üstün çykdy. Bürünç medala-da ýer eýelerinden ýaponiýaly Amuro Tsuzuki mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Nadalyň yzly-yzyna 2-nji çempionlygy
Serena 33-nji gezek finalda
“Uly tuwulga” gazanan ilkinji kanadaly tennisçi
Milisanyň ikinji altyn medaly
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Dünýäniň ilkinji raketkasy Eşli Barti Maýamide geçirilen WTA ýaryşda ýeňiji boldy