Ilkinji gezek “Buker” baýragyna eýe boldy

Hindi ýazyjysy Gitanjali Şri “Çägeli gubur” (Tomb of Sand) atly eseri üçin Halkara “Booker” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada 27-nji maýda emin agzalarynyň başlygy irlandiýaly terjimeçi Frank Waýn Londonda geçirilen dabarada mälim etdi.

Kitapda adamsynyň ölümi zerarly agyr göwnüçökgünligi başdan geçirýän 80 ýaşly bir zenanyň durmuşy barada gürrüň berilýär. Eseriň gahrymany durmuşda özüçe şatlyk tapmagyň hötdesinden gelip, Pakistana syýahat edýär.

Hindi dilinden terjime edilen eser ilkinji gezek bu abraýly baýraga eýe boldy. Bu kitap ABŞ-ly suratkeş, ýazyjy we terjimeçi Deýzi Rokwell tarapyndan iňlis diline terjime edildi. Umuman alanyňda, baýrak almak üçin düzülen gysga sanawda ispan, koreý, norweg, polýak, hindi we ýapon dillerinde 6 eser bar. Olaryň bäşisini zenanlar ýazypdyr.

Gitanjali Şri 1957-nji ýylda Hindistanyň demirgazygyndaky Maýnpuri şäherinde dünýä indi. Ol üç romanyň we birnäçe gysga hekaýalaryň awtorydyr. Şriniň eserleri iňlis, fransuz, nemes, serb we koreý dillerine terjime edildi. “Çägeli gubur” Beýik Britaniýada neşir edilen ilkinji kitabydyr.

1969-njy ýylda esaslandyrylan we her ýyl Arkalaşygyň ýurtlarynyň ýazyjylaryna berilýän “Buker” baýragyndan tapawutlylykda, Halkara “Buker” baýragy 2004-nji ýylda esaslandyrylyp, 2016-njy ýyla çenli her iki ýyldan berildi. Indi ol her ýyl edebiýat ulgamynda gazanylan üstünlikler üçin berilýär.

Iňlis diline terjime edilen we Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada neşir edilen islendik kitabyň awtory ýeňiji bolup biler. Baýragyň puly 50 müň funt sterlinge (62,500 dollar) deň bolup, ýazyjy bilen terjimeçiniň arasynda paýlaşylýar. Gysga sanawa girizilen ýazyjylar we terjimeçileriň hersi 1 müň funt sterling (1250 dollar) alýarlar.

Geçen ýyl fransiýaly Dawid Diop “Ýakyn göwün” (Frere d’ame) romany üçin bu baýraga mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Hindi ýazyjysy Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy
Halkara “Buker”-iň gysga sanawy
“Buker” baýragynyň eýesi belli boldy
“Buker”-iň uzyn sanawy yglan edildi
Buker baýragynyň dalaşgärleriniň uzyn sanawy belli boldy
Müsüri çägeli harasat, çabga we tupan basdy