Ilkinji elektroulag zawodyny açdy

Ford kompaniýasy Germaniýanyň Köln şäherinde täze önümçilik desgasyny açdy.Amerikan brendi 2030-njy ýyla çenli Ýewropada satýan ähli awtoulaglarynyň dolulygyna elektrikli bolmagyny maksat edinýär.Zawodda diňe elektroulaglaryň öndüriljekdigi mälim edildi.

Kompaniýa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli ýyllyk elektroulag önümçiligini dünýäde iki milliona ýetirmegi meýilleşdirýär.Ford bu desgany açmak üçin 2 milliard dollar özleşdiripdir.Bu ýerde her ýylda täze nesil elektroulaglaryň 250 müňden gowragy öndüriler.

Iri awtoulag öndürijisi desgalar, logistika we üpjün edijiler bilen bile Ýewropadaky ähli amallaryny 2035-nji ýyla çenli dolulygyna nol uglerodly etmegi maksat edinýär.Elektroulag zawodynyň açylyşyna bir asyrdan gowrak wagt ozal kompaniýany esaslandyran Genri Forduň ýuwlugy, dolandyryjy başlygy Bill Ford gatnaşyp, bu desganyň senagatyň ähli görnüşleriniň iň netijeli we daşky gurşawa zyýansyz boljakdygyny belledi.

Kompaniýanyň Ýewropa sebitindäki müdiri Martin Sander müşderileriniň nol emissiýaly isleglerini kanagatlandyrýan, programma üpjünçiligi bolan ýokary tehnologiýany durmuşa geçirýändiklerini mälim etdi.

Kompaniýa 2025-nji ýyla çenli Ýewropadaky elektroulag satuwyny 600 müňden geçirmegi meýilleşdirýär.

Geçen ýyl Tesla Berlinde iri elektroulag zawodyny gurupdy. Volvo kompaniýasynyň Slowakiýada gurluşygy alnyp barylýan elektroulag zawodynyň 2026-njy ýylda açyljakdygy mälim edildi.

Enejan ALLAMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Paýhaslar
Paýhaslar düwünçegi
ABŞ-nyň öňki Döwlet sekretary Genri Kissinjer 100 ýaşynda aradan çykdy
Elektrik uçarlary 3 müň kilometre uçup biler
Toyota Corolla dünýäde iň köp satylýan ulag bolmagyny bes etdi
Euro 2024-iň bijeleri çekildi