Ilkinji Dünýä Kubogy başlanýar

Mundan 94 ýyl ozal şu gün futbol boýunça ilkinji Dünýä Kubogyna badalga berilýär.

Urugwaýda geçirilen bu çempionata 13 ýygyndy gatnaşýar. 30-njy iýula çenli dowam eden ýaryşa gatnaşanlaryň köpüsi Günorta Amerika yklymynyň wekilleri bolýar. Çempionatda Günorta Amerikadan 7 ýer eýeleri Urugwaý, Argentina, Boliwiýa, Çili, Braziliýa, Paragwaý, Peru, Demirgazyk Amerikadan 2 Meksika, ABŞ hem-de Ýewropadan 4 Belgiýa, Fransiýa, Rumyniýa we Ýugoslawiýa gatnaşýar.

Netijede, 1-nji ýarymda argentinleriň, 2-nji ýarymda urugawlylaryň getiren topy bilen oýnalan finalda Urugwaýyň ýygyndysy Argentinanyň ýygyndysyny 4-2 hasabynda ýeňip, ilkinji çempion bolýar.

Ýene degişli makalalar

Adam hukuklary we azatlyklary ugrundaky halkara başlangyçlar
Dünýä Kubogynda 20 ýyldan soň täze çempion
Super ýyldyzlar Ronaldo, Neýmar meýdança çykýar: 5-nji günüň duşuşyklary
Braziliýalylar üçin ýatdan çykmajak pajyga (Dünýä Kubogy 1950)
13-nji iýul ilkinji Dünýä Kubogyna badalga berlipdi
Pele we Braziliýanyň ilkinji çempionlygy (Dünýä Kubogy 1958)