Ilkinji çempionlygy

Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibler futbol konfederasiýasynyň (CONCACAF) Çempionlar ligasynyň finalynda Meksikanyň “UANL Tigres” kluby çempion boldy.Meksikan topary ABŞ-nyň Orlando şäherinde oýnalan finalda “Los Anjeles FK” toparyndan 21 üstün çykdy. 61-nji minutda Diego Rossiniň goly bilen amerikanlar öňe saýlansalar hem olara üstünligini saklamak başartmady. 72-nji minutda Hugo Aýala hem-de 84-nji minutda Andre-Pier Žinýak tapawutlanyp, “Tigres” klubuna ýeňiş getirdi. Şeýlelikde, “UANL Tigres” kluby taryhynda ilkinji gezek KONKAKAF Çempionlar ligasynyň kubogyna mynasyp boldy.

Topar 2016-njy, 2017-nji hem-de 2019-njy ýyllarda finalda utulypdy.

The post Ilkinji çempionlygy appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Katardaky Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibi we stadionlary belli boldy
Üç transfer habary
“Altyn Kuboga” Meksikanyň ýygyndysy mynasyp boldy
“Ysraýylyň Döwlet Terroryna Garşy Durmak Türkiýäniň Milli Meselesi”
Futbolyň ägirdi Diego Maradona aradan çykdy, Argentinada 3 gün ýas yglan edildi
Ýük daşamaga niýetlenen täsin welosiped