Ilkinji aerotaksi menziliniň gurluşygyna başlandy

Dubaý Halkara howa menziliniň (BAE) golaýynda Joby Aviation aerotaksileri üçin niýetlenen dört wertiportuň ilkinjisiniň gurluşygyna başlandy.Taksiler bu ýerden müşderilere 2026-njy ýylyň başynda hyzmat edip başlar.Dubaýyň mirasdüşer şazadasy Şeýh Hamdan bin Muhammet bin Raşid Al-Maktum özüniň Х jemgyýetçilik torundaky akkaundynda Dubaý Halkara howa menziliniň golaýynda ilkinji howa taksileri üçin niýetlenen bekediniň gurluşygyna badalga berlendigini habar berdi. 3100 inedördül metrlik desga ýylda 170 müň ýolagça hyzmat edip biler diýip, Şeýh Hamdan aýtdy.

Hyzmatlar 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde başlanar.Başlangyç tapgyrda şäheriň merkezindäki Dubaý Halkara howa menzilinde dört sany wertiport gurlar.Bu ýer aerotaksilere uçmaga we gonmaga mümkinçilik berýän ýörite bölünip aýrylan meýdançadyr.

Joby Aviation howa taksisi sagatda 320 kilometre çenli tizlik bilen dört ýolagçyny gatnadyp biler.Ogulbaýram GURBANOWA, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy. /* custom css */ .td_uid_15_674074b0313c1_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674074b0313c1_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Dubaýyň mirasdüşer şazadasy BAE-niň wise-premýeri we goranmak ministri wezipelerine bellendi
Diwan edebiýatynyň soňky tanymal şahyry kabul edilýän Şeýh Galip
Türkiye ýylyň ilkinji 4 aýynda 20 ýurda ançous eksport etdi
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi
Türkiye ary bal eksportyndan 13,5 million dollar girdeji aldy
Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy