Ilkinci Gezek Bir Adama H10N3 Guş Dümewi Diagnozy Goýuldy

Ilkinci Gezek Bir Adama H10N3 Guş Dümewi Diagnozy Goýuldy

Hytaýyň Milli saglyk toparynyň (NHC) beren beýannamasynda Žiangsu welaýatynda 41 ýaşly raýatyň guş dümewiniň H10N3 görnüşi bilen kesellän ilkinci adamdygy habar berildi.

NHC, kesellän raýatyň gyzdyrma we beýleki komplikasiýalar sebäpli hassahana getirilendigini beýan eden hem bolsa, wirusyň nähili ýokaşandygy hakynda maglumat bermedi.

NHC, eldeki guşlarda görülýän H10N3 dümewiň beýleki dümewlere görä zyýansyzdygyny we ýokaşma mukdarynyň “pesdigini” beýan etdi.

NHC, mundan ozal adamlarda wirusyň H10N3 görnüşine gabat gelinmändigini habar berdi.

Hytaýda guş dümewiniň köp sanly görnüşiniň bardygy we olaryň umuman eldeki guşlary idedýänlerde ýüze çykýandygy bilinýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ, Günorta Koreýa we Ýaponiýa Birlikde Harby Türgenleşik Geçirýär
N.Hanamow: Türkmen kanunlary ozaly iň ýokarky ýolbaşçylar tarapyndan basgylanýar
Arkadag şäherinde N.Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli konsert boldy
Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi
Ýurdumyzyň teatrlarynda 26 29-njy oktýabrda görkeziljek sahna oýunlary
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek festiwalyň maksatnamasy belli boldy