Ilki-ilkiler “bir millet iki döwlet” şygary bilen batlanan türkmen-türk gatnaşyklaryna gysga syn

Ilki-ilkiler “bir millet  iki döwlet” şygary bilen batlanan türkmen-türk gatnaşyklaryna gysga syn

Sentýabryň birinji hepdesinde, megerem, ýüzlerçe müň türkmenistanlyny gyzyklandyrýan bir waka Türkmenistan barada habar çap edýän media giňişliginde esasy orun eýeledi. Türkmenistanyň hökümeti Türkiýe döwletinden öz raýatlary üçin “dürli görnüşli wiza düzgüniniň” girizilmegini sorandygyny mälim etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 3-nji sentýabrda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin çap eden beýanaty “dürli görnüşli wiza düzgüniniň” jikme-jikligini aýdyňlaşdyrmaýar. Ýöne türkmen hökümetiniň öz raýatlarynyň hereketini çäklendirmek babatda ýyllarboýy amal edýän tagallalary nazarda tutulanda, bu beýanatyň aňyrsynda hökümetiň öz halkynyň hereketini mundan-da beýläk çäklendirmegi meýilleşdirýändigini çaklamaga esas bar.

“Euronews” neşiriniň türk dilli bölümi bu habary öz okyjylaryna ýetirende “Türkmenistan Türkiýeden öz raýatlaryna wiza girizmegi soraýar” diýen äheňde habar çap etdi.

“Eurasianet.org” neşiriniň Türkmenistana bagyşlanan “Ahal-Teke” rubrikasy türkmen hökümetiniň Türkiýä iberen haýyşyna beren synynda türkmen raýatlarynyň Türkiýe döwletine 30 gün möhlet bilen wizasyz syýahat etmek mümkinçiliginden mahrum edilip bilinjekdigini çaklady.

Özge ýurtlarda hökümetler öz halkynyň halkara hereketini aňsatlaşdyrmak ugrunda tagalla edýärler, olar özara gepleşiklerde, gatnaşyklarda ýurtlaryň arasynda hereket edýän wiza düzgünlerini ýeňletmek babatda gepleşik geçirýärler, pikir alyşýarlar.

Ýöne türkmen hökümeti, Daşary işler ministrliginiň soňky beýanaty bilen, gaýtam, öz ilatynyň hereketini çäklendirmek ugrunda, türkmen raýatlaryny Türkiýe döwletine wizasyz, erkin gidip-gelmek hukugyndan mahrum etmek üçin tagalla edýän ýaly bolup görünýär.

Daşary işler ministrliginiň beýanaty Türkiýede ýaşaýan we işleýän ýüzlerçe müň türkmenistanlyny, galyberse-de, olaryň Türkmenistandaky ýüzlerçe müň dogan-garyndaşyny ýakyndan gyzyklandyrýar.

Türkiýäniň Migrasiýa edarasynyň maglumatlaryna görä, 220 müňden gowrak türkmenistanly häzirki wagtda kanuny rugsat bilen Türkiýede ýaşaýar. Ýöne resmi däl çeşmeler Türkiýedäki türkmenistanlylaryň umumy sanynyň, şol sanda bikanun ýaşaýan türkmenleriň sanynyň resmi sanlardan ençeme esse ýokarydygyny çaklaýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi öz beýanatyny “Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkiýe Respublikasynda bolmaklary bilen bagly düzgünleri kämilleşdirmek we ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen” diýip esaslandyrdy.

Eger Türkiýe döwleti türkmen raýatlary üçin wiza düzgünini girizse, onda olaryň türkmen hökümetiniň haýyşyny kanagatlandyrdygy bolar. Ýöne Türkiýede zähmet çekýän ýaş, güýç-kuwwaty ýerinde, gujurly we zähmetsöýer ýüzlerçe müň türkmenistanly Türkiýe döwletine bähbitden başga näme getirsin!? Galyberse-de, synçylar ýüzlerçe müň türkmenistanlynyň Türkiýede bolmagyny türk döwleti üçin “ýumşak güýç” atlandyrýarlar.

Türkiýede türkmenler köplenç gurluşykda, arassaçylyk, ideg etmek işlerinde, ýa restoran hyzmatlarynda, söwda pudagynda, oba hojalykda we beýleki pudaklarda zähmet çekýärler. Türkiýede mugallymçylyk, lukmançylyk, täjirçilik bilen meşgullanýan türkmen raýatlaryna-da duş gelse bolýar.

Üstesine, Türkiýede türkmenleriň, megerem, erkin durmuş bilen tanyşmagy, olaryň ekin habar almak mümkinçilikleri, erkin pikir beýan etmek, erkin geýinmek, erkin hereket etmek, erkin dynç almak mümkinçilikleri bilen tanyşmagy köp sanly türkmenistanlyny Türkiýä işe, okuwa çekendir.

Türkmen raýatlarynyň Türkiýä näme sebäpden köpçülikleýin göçendigi, Türkiýäniň anyk haýsy şertleriniň türkmen raýatlaryny özüne çekendigi barada ýazylan ylmy iş ýa-da şoňa meňzeş giň göwrümli iş ýok, ýöne Türkiýede sosial ulgamlarda çykyş edýän türkmen aktiwistleri Türkmenistandaky ýaramaz şertlerden, demikdiriji syýasy atmosferadan, raýat azatlyklarynyň berk çäklendirilmeginden, ýaramaz durmuş-ykdysady şertlerden, yzarlamalardan şikaýat edýärler.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda ýakyn gatnaşyklar aňyrdan gaýdýar. 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan soňra, Türkiýe Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden ýurtlaryň biri boldy. Türkiýäniň daşary syýasatynda öňden gelýän bir üýtgewsiz ugur bar, ol hem türk hökümetine kim ýolbaşçylyk etse etsin, döwletiň daşary syýasaty elmydama türki döwletler bilen ýakyn gatnaşyk saklamaga ymtylýar.

SSSR we Türkiýe

Türk ýazyjylary we taryhçylary Türkiýe respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürküň entek 1933-nji ýylda türki döwletler barada aýdan sözlerini, onuň Sowet giňişliginde galan türki dilli halklar barada aýdan sözlerini mysal getirýärler.

“Bu günki gün Sowet Russiýasy biziň dostumyz, goňşymyz we ýaranymyzdyr.Biz döwlet hökmünde bu dostluga mätäçdiris. Ýöne ertir nämeleriň boljagyny hiç kim öňünden çaklap bilmez.Edil Osman imperiýasy ýaly, edil Awstriýa-Wengriýa imperiýasy ýaly ol hem bölünip biler.

Bu gün onuň elinde gaýym gysymlaýan milletleri, aýasyndan çykyp biler.Dünýä täze bir tertibe girip biler!Ine, Türkiýe şonda etjek işini bilmeli” diýip, Türkiýe respublikasynyň esaslandyryjysy we ilkinji lideri Mustafa Kemal Atatürküň entek 1933-nji ýylda aýdan sözleri köp türk taryh çeşmelerinde getirilýär.

Atatürküň bu sözlerinden 60 töweregi ýyl soň, hakykatdan-da Sowet Soýuzy, Atatürküň çaklaýşy ýaly, çym-pytrak boldy. Ýöne şol günleri görmek üçin Atatürküň ömri ýetmedi. Ýöne SSSR-iň dargamagynyň yz ýany Türkiýe respublikasy Sowet Soýuzyna girýän ýurtlaryň, hususan-da türki dilli ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini dessine, yzly-yzyna ykrar etdi.

Türkiýäniň şol döwürlerde ilki premýer-ministri soňra prezidenti bolan Turgut Özal Soýuzyň dargamagynyň yz ýany post-sowet Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga ýykgyn etdi.Politologlaryň aýtmagyna görä, aslynda, Türkiýäniň şol wagtky premýer-ministri Turgut Özal, Türkýäniň NATO agzalygyna garamazdan, Sowet Soýuzy bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklaýardy. Özal heniz Sowet Soýuzy dargamanka, 1986-njy ýylda Moskwa amala aşyran saparynyň yz ýany, Özbegistanyň paýtagty Daşkende sapar edýär.

Türk çeşmeleri şol resmi saparyň yz ýany Turgut Özalyň türki halkar barada aýdan bir sözüni ýatlaýarlar: “Aradan müň ýyl geçipdir, şonda-da adamlaryň arasyndaky meňzeşlik ýitmändir.Hytaýa bardym.

Uýgurlaryň sebitinde hem şol bir ýylylygy duýdum” diýip, Turgut Özalyň aýdan sözleri türk metbugatynda häli bu güne çenli ýatlanýar.

Garaşsyzlygyň irki ýyllary

Turgut Özal 1983-1991-nji ýyllar aralygynda Türkiýäniň premýer-ministri, 1991-1993-nji ýyllar aralygynda prezidenti boldy.Sowet Soýuzynyň dargamagynyň yz ýany, 1992-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Özal garaşsyz türki döwletleriň ýolbaşçylaryny Ankara çagyrýar we türki dilli döwletleriň liderleriniň ilkinji sammiti Ankarada geçirilýär.

Munuň yz ýany, TÜRKSOÝ, Türk Geňeşi, Türk Akademiýasy ýaly guramalar döräp başlaýar.Turgut Özal 1993-nji ýylyň 4-15-nji aprel aralygynda türki dilli döwletlerden Özbegistana, Gazagystana, Gyrgyzystana, Türkmenistana we Azerbaýjana sapar edýär. Ýöne bu saparyň tamamlanmagynyň edil yz ýany, bary-ýogy iki gün soň Turgut Özal aradan çykýar.

Şol döwür Türkmenistanyň ilkinji prezidenti bolan Saparmyrat Nyýazow Turgut Özal bilen türkmen paýtagtynyň ilkinji türkmen-türk mekdebine baryp görýär. Bu mekdep soňy bilen Turgut Özalyň adyny göterýär.

Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda türkmen döwlet ýolbaşçylary Türkiýe bilen ýakyn gatnaşyga ymtylýar. Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we ýurduň bäş sebitinde yzly-yzyna türkmen-türk mekdepleri öz gapylaryny türkmen çagalaryna giňden açýar. Türkmenistanyň hökümeti türk iş adamlaryna gujak açýar. Türkmenistan türk firmalaryny özüne çekýär. Iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk artyp başlaýar.

Söwda gatnaşyklary

1995-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 229 million dollara golaýlan bolsa, şondan bäş ýyl soň, 2000-nji ýylda bu san 307 million dollara çykdy. Ýene bäş ýyl soň, 2005-nji ýylda Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 335 million dollara ýetdi. 2007-nji ýylda Türkmenistanda häkimiýet çalyşandan soň, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy göni iki esse töweregi artyp, 720 million dollara ýetdi.

Söwda dolanyşygy 2010-njy ýylda 1,5 milliard dollara , 2015-nji ýylda 2,5 milliard dollara barabar boldy. Ýöne 2015-nji ýyldan soňky geçen döwrüň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy öňküsinden pese gaçyp başlady. 2021-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýe iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny 5 milliard dollara çykarmagy maksat edinýändiklerini yglan etdiler.

Söwdanyň ýygjamlaşmagy bilen iki ýurduň halklarynyň arasynda hem gatnaşyklar ysnyşyp başlady. Käbir maşgalalarda bu gatnaşyklar hatda gudaçylyk gatnaşyklaryna çenli baryp ýetdi.

Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow türk işewürleri bilen ýygy-ýygydan duşuşýardy. Döwlet telewideniýesinde Nyýazowyň türk iş adamlary bilen duşuşygynda türk dilinde gürlemäge synanyşyk edişi, türkler bilen degişmeli äheňdäki söhbetdeşlikleri türkmen tomaşaçylaryna ýetirilýärdi.

Meselem, şol döwürler türkmen telewideniýesinde görkezilen bir wideoda Nyýazow Türkmenistanda bir türk firmasy tarapyndan gurlup, ulanylmaga berlen agyz suw desgasynyň açylyşyna gatnaşýar.

Beýleki bir wideoda Nyýazow türk iş adamlary bilen agaç ekmek dabarasyna gatnaşýar we olar bilen agaç nahallaryny artdyrmak barada söhbet edýär.

Nyýazow iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary “Bir millet iki döwlet” şygary astynda dabaralandyrýardy.

Ilkinji prezidentiň ýurdy dolandyran ýyllarynda ýurduň paýtagtynda we welaýatlarda türkmen türk bilim ojaklarynyň sany artýar. Türkiýe döwletiniň maliýe serişdeleriniň hasabyna türk döwletinde ýokary bilime kabul edilýän türkmenistanly ýaşlaryň sany artyp başlaýar. Ýöne 2006-njy ýylda Nyýazow tarpa-taýyn aradan çykýar.

Nyýazowdan soňky döwür

Ýurduň ikinji prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe, 2007-nji ýylyň awgustynda Türkiýe döwleti türkmen raýatlaryndan edýän wiza talabyny ýatyrýar.Iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklary ýokarlanyp başlaýar.Her näçe daşyndan ikitaraplaýyn gatnaşyklar ösýän ýaly bolup görünse-de, Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk iş adamlary babatdaky şahsy garaýyşlary 2011-nji ýylda media syzdyrylan wideoda has aýdyňlaşyp başlaýar.

Ol ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen geçiren köpçülige ýapyk duşuşyklarynyň birinde türk iş adamlaryny “aldawçylykda” aýyplaýar.

Saparmyrat Nyýazow döwründe açylan türkmen-türk mekdepleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçmeginden birnäçe ýyl soň köpçülikleýin ýapylýar, diňe Aşgabatda bir mekdep saklanyp galýar. 2013-nji ýylda Türkmenistan biometriki pasport düzgünini girizýär. 2016-njy ýylda Türkmenistana ykdysady kynçylyklar aralaşyp başlaýar.

Bu aralykda, ýurt içinde ykdysady şertleriň ýaramazlaşmagy bilen ýüzlerçe müň türkmenistanly eklenç gözleginde Türkiýä çykyp başlaýar.Türkiýä aşmagy başaran türkmenler bolsa, köplenç ýurda dolanan halatynda Aşgabadyň aeroportundan çykarylmazlyk howpy sebäpli, ýurda dolanmazlygy saýlap alýar. Şeýlelikde, Türkiýede pasportsyz, bikanun ýaşaýan türkmenistanlylaryň sany artyp başlaýar.

Wagtyň geçmegi bilen ýitileşen krizis has köp türkmenistanlyny ýurtdan çykmaga iterýär.Türkmen häkimiýetleri, synçylara görä, ykdysady krizise raýatlara basyş etmek, olary gysmak, çäklendirmek we yzarlamak bilen jogap bermäge çalyşýar.

2016-njy ýylyň iýulynda Türkiýede Rejep Taýýip Erdoganyň hökümetine garşy başa barmadyk döwlet agdarylyşygy synanyşygy bolýar. Erdogan agdarylyşyk synanyşygynyň yz ýany, Birleşen Ştatlarda ýaşaýan din ruhanysy Fethullah Güleni we onuň adamlaryny döwlet agdarylyşygy synanyşygynda aýyplaýar. Munuň yz ýany, ýene Gurbanguly Berdimuhamedow döwründe esasan türkmen-türk mekdepleriniň uçurymlaryndan ybarat onlarça türkmen raýaty “gülençilikde” aýyplanyp uzak möhletli türme tussaglygyna höküm edilýär.

Global koronawirus pandemiýasynyň arasynda girizilen çäklendirmeler bilen Türkiýede ýaşaýan türkmen migrantlarynyň ýaşaýyş şertleri has-da kynlaşýar. Bu ýagdaý ençeme türkmenistanlyny syýasy işjeňlige we raýat guramaçylygyna iterýär we munuň yz ýany 2020-nji 2021-nji ýyllarda Stambulyň dürli sebitlerinde türkmen aktiwistleri tarapyndan türkmen hökümetine garşy nägilelik protestleri geçirilýär. Türkmenistanda bolsa 2022-nji ýylyň martynda prezident çalyşýar.

Üçünji prezident Serdar Berdimuhamedow döwründe Türkmenistan öz raýatlaryny wizasyz Türkiýä syýahat etmek mümkinçiliginden mahrum etmäge çalyşýar.

Eýsem, türkmen hökümetiniň türk döwletinden öz raýatlary üçin dürli görnüşli wiza düzgünini girizmegi haýyş etmegine, hakykatdan-da Türkiýede ýaşaýan migrantlaryň arasynda nägilelik protestleriniň ýokarlanmagy sebäp boldumy, ýa-da hökümet halkyň wyždanynda özüni aklamak üçin bu ýagdaýy “bahana” hökmünde ulanýarmy, ýagny “ine, özüňiz dek oturmadyňyz, şonuň üçinem wiza düzgünini girizýäris” diýýärmi? Bu sorag entek-entekler jogap tapyp bilmejek ýaly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

M.K.Atatürk we onuň türki dünýä hakyndaky pikirleri
NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Ýaponiýanyň mirasdar şazadasy we şagyzy prezident Erdogan tarapyndan kabul edildi
Amasýa Jarnamasy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye şu ýylyň ilkinji 6 aýynda syýahatçylykdan 23,7 milliard dollar girdeji aldy
“Sebitimiziň Gan Kölüne Öwrülmegine Rugsat Bermeris”