Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew çarşenbe güni Baku şäherinde geçirilýän “SPEKA ýurtlarynyň sergisi: durnukly ösüş üçin sebit hyzmatdaşlygy” atly sergä baryp gördi we ol ýerde dokma, halyçylyk we gurluşyk pudaklarynda Türkmenistanyň döwlet hem-de hususy edara-kärhanalarynyň öndürýän önümleri bilen tanyşdy.
Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu çäre BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin ýörite maksatnamasynyň SPEKA-nyň hepdeliginiň çäklerinde geçirilýär.
Sergi Baku şäheriniň 4 müň inedördül metrlik Sergiler merkezinde geçirilip, onda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär.
Serginiň maksady Maksatnama agza döwletleriň ykdysady kuwwatlyklaryny görkezmekden, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan we degişli ýurtlaryň arasynda sebit ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Sergide ykdysady gazanylanlar, senagat, oba hojalygy, sanly ösüş we innowasiýa, ulag-üstaşyr infrastrukturasy, energetika we syýahatçylyk ugurlary görkezildi.
1998-nji ýylda döredilen SPEKA agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi we olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyna goldaw bermegi maksat edinýär. Azerbaýjan, Gazagystan, Täjigistan, Gyrgyzystan, Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan bu Maksatnama agza döwletlerdir.
Suratlar: Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy