Ilham Aliýew Sergeý Şoýguny kabul etdi

Ilham Aliýew Sergeý Şoýguny kabul etdi

Azerbaýjanyň prezidentliginden berilen beýanata görä sapar bilen paýtagt Baku şäherine gelen Sergeý Şoýguny kabul eden Ilham Aliýew, käbir goňşy ýurtlar üçin nusga häsýetinde bolan Azerbaýjan-Russiýa gatnaşyklarynyň, Günorta Kawkazda we has giň geografiýada howpsuzlyk taýdan möhüm ähmiýete eýedigini beýan etdi.

Sergeý Şoýgu Azerbaýjan bilen Russiýanyň arasynda sebitelýin howpsuzlyk, harby, ulaglar we ykdysadyýet ugurlaryndaky gatnaşyklaryň üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigini habar berdi.

Russiýa bilen Azerbaýjanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibinde möhüm ugurlaryň bardygyny aýdan Sergeý Şoýgu, ähli meseleleriň üstünlikli ýagdaýda çözüwe ýetirilendigini beýan etdi.

Sergeý Şoýgu ýurdunyň Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşma tapgyryna goldaw berýändigini belledi.

Aliýew we Şoýgu Türkiye, Russiýa, Eýran, Azerbaýjan, Ermenistan we Gruziýa döwletleriniň gatnaşmagyndaky 3+3 formatyndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Putin we Aliýew telefon arkaly söhbetdeş boldular
Putin Bakuwda Prezident Aliýew Bilen Duşuşdy
Daşary Işler Ministri Fidan Russiýada Saparda Bolar
Daşary Işler Ministri Fidan Moskwa Bardy
Türki dilli döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary