Ilham Aliýew Bilal Erdogany kabul etdi

Ilham Aliýew Bilal Erdogany kabul etdi

Azerbaýjanyň prezident diwanyndan berilen beýanata görä, Bilal Erdogan prezident Rejep Taýýip Erdoganyň salamyny ýetirdi, Aliýew hem minnetdarlyk bildirip prezident Erdogana salamyny ýetirmegi barada haýyş etdi.

Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň işleri barada öwgüli sözler aýdan Ilham Aliýew, üstünlikleri mynasybetli Bilal Erdogany gutlady.

Ilham Aliýew Azerbaýjanyň Bütindünýä etnosport konfederasiýasynda işjeň ýagdaýda wekilçilik edilendigini, duşuşyklara azerbaýjanly türgenleriň hem gatnaşýandygyny habar berdi.

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkiyäniň hemişe birek-birege goldaw berýändigi, iki ýurduň arasyndaky doganlyk, dostluk we strategiki ýaranlyk gatnaşyklary ýene-de bir gezek nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Bilen Erdogan Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan azerbaýjanly kärdeşi Aliýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Prezident Erdogan alžirli kärdeşi Tebbuny gutlady
Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium Geňeşiniň Başlygy Türkiýede Saparda Bolýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan türk raýaty Aýşenur Ezgi Eýginiň ejesi bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy