Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi

Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi

Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Garagalpagystanyň halk artisti, uzak ýyllar adamlaryň alkyşyny alan bagşy Babamyrat Hamdamow 82 ýaşynda dünýäden ötdi. Bu habary Özbegistanyň Medeniýet ministrligi berdi. Ol Ürgençde ýogaldy diýip, Azatlygyň Özbek gullugynyň žurnalistleri tassyk etdi.

Geljekki meşhur bagşy 1940-njy ýylda Türkmenistanda, Çärjewde dogulýar we 1960-njy ýyllaryň başynda gowy sesi bilen orta çykyp, “Ýelpeselendi” diýen halk aýdymy bilen giňden tanalýar.

Şeýle-de, türkmenistanlylar we goňşy ýurtlaryň adamlary onuň Magtymguly Pyragynyň sözlerine, halk döredijilik eserlerine aýdýan aýdymlaryny gowy garşyladylar.

Pragada ýaşaýn türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally onuň ilkinji we meşhur aýdymy, “Ýelpeselendi” barada replika hem ýazylandygyny, emma bagşynyň gitdigiçe meşhur bolandygyny, tankytdan gorkmandygyny aýdýar.

Babamyrat Hamdamow soň Horezme gidip, belli bagşy Kamiljon Atanyýazowyň ýoluny dowam etdirýär, reperturayny has giňeldip, türkmen, özbek dillerinde kän aýdym döredýär.

“Ol aýdymlary bilen bütin sebitde meşhur boldy, sungatyň halklary birleşdirmek, ýakynlaşdyrmak missiýasyna hyzmat etdi” diýip, Hudaýberdi Hally aýdýar.

Özbek metbugatynda bagşynyň meşhurlygynyň resmi Daşkentde Yslam Kerimowyň prezident bolan ýyllarynda peselendigi, muňa onuň türkmen prezidenti Saparmyrat Nyýazow bilen eden dostlukly gatnaşyklarynyň sebäp bolandygy bellendi.

Bagşynyň Türkmenistanyň garaşsyzlygyny wasp edip aýdan aýdymy gowy garşylanan hem bolsa, onuň Nyýazow bilen eden saçakly gatnaşygy’ Aşgabatda hem käbir tankydy pikirlere sebäp boldy. Hökümet tankytçylary onuň Nyýazowyň sözlerine aýdym aýtmagyny sungatdaky ýaranjaňlygyň ýaramaz göreldesi bolandygyny aýtdylar. Ýöne Türkmenistan bu hili ýaramaz mysallara baý bolansoň, köp adam bu ýagdaýy görmezlige saldy.

Türkmenistanda onuň "Saýadym", "Lebabyma" aýdymlary, halk döredijiliginden, özbek we türkmen folklorlaryndan alnan aýdymlary, hindi dilinde aýdan aýdymlary gowy garşylandy.

“Babamyrat Hamdamow talantly özbek bagşysy bolmak bilen bir wagtyň özünde, türkmen aýdym-saz sungatynyň görnükli özbek wekili bolup bildi. Babamyrat aganyň repertuary diňe bir Türkmenistandaky etniki özbekleriň däl, eýsem, türkmen halkynyň, şeýle-de Türkmenistandaky gazak, garagalpak, täjik azlyklarynyň, beýleki halklaryň wekilleriniň toý dabaralarynyň aýrylmajak bir bölegine öwrüldi” diýip, ýerli synçy aýdýar

Bagşyny tanaýan adamlar onuň ölümine türkmen we özbek halklarynyň hakyky doganlygyny, gardaşlygyny jan-teni subut eden ägirdi ýitirdik diýip gynandylar diýip, türkmen intelligensiýa wekili Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Tanymal bagşy Babamyrat Hamdamow aradan çykdy
Malaý edebiýaty
Türkiye ýylyň ilkinji 4 aýynda 20 ýurda ançous eksport etdi
Dubaý ýene-de syýahatçylyk rekordyny täzeledi
Türkiye ary bal eksportyndan 13,5 million dollar girdeji aldy
Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy