Ildeşlerimiziň Dünýä çempionatyndaky üstünligi

ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde ýaşlaryň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça Dünýä çempionatynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etdiler. 67 kilogram agramy derejesinde çykyş eden ildeşimiz Bektimur Reýimow birden götermekde 122 kilogram agram bilen 2-nji orny eýeledi. 11-nji synpyň okuwçysy Bektimur Reýimow itekläp götermekde bolsa, 147 kg agram galdyrdy.

Iki görnüşiň jemi boýunça 269 kilogram agramy göteren ildeşimiz bu görkeziji bilen bürünç medala mynasyp boldy.Ol umumylykda 2-nji ýeri eýelän gruziýaly Gurami Giorbelidzeden 1 kilogram az göterdi. Ýaryşyň soňky günlerinde-de türkmen türgenleri ýene bir medala mynasyp boldy. 102 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Atajan Daýyýew birden götermekde 143 kilogram agyrlygy göterdi.

Bu görnüşde 1-nji ýeri eýelän çehiýaly türgen ildeşimizden bary-ýogy 1 kg artyk agram göterdi.Atajan Daýyýew itekläp götermekde bolsa, 172 kg agramy galdyrdy.Iki görnüşiň netijesi boýunça 315 kilogram agramy göteren ýaş türgen kümüş medaly eýeläp, ýurdumyzyň sport abraýyny belende galdyrdy. Bir hepdeläp dowam eden agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky 8-nji Dünýä çempionatyna 44 ýurtdan 183 ştangaçy oglan-gyz gatnaşdy.

Jemi 20 (oglanlar 10, gyzlar 10) agram derejesinde geçirilen ýaryşlardan soň, medallaryň umumy sanawynda gazagystanly ştangaçylar 5 altyn bilen 1-nji orny eýelediler. Özbegistandan, Türkiýeden, Wýetnamdan baran agyr atletikaçylar 2 altyn medal aldylar. Çempionat 2020-nji ýylda Peru döwletiniň paýtagty Limada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň çempionatyna Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler we ýaşlar ýygyndysy hem gatnaşar
Atajan Daýyýew agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kiçi bürünç medalyna mynasyp boldy
Türkmen agyr atletikaçylary ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşýar
Türkmen agyr atletikaçylary Olimpiýa oýunlaryna Gruziýada taýýarlyk görýärler
11.03.2019 | Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly
Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly