Ildeşlerimiz çalt küşt boýunça kümüş we bürünç medal eýelediler

Türkmenistanly türgenler Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde geçirilýän çalt küşt boýunça Günbatar Aziýanyň ýetginjekler (ýaşy 20-ä çenli) çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular.

7 tapgyrda geçirilen ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, her küştçiniň her göçümine 10 sekunt goşmak bilen tutuş döwe 15 minut wagt berilýär.Türkmenistanyň Küşt federasiýasynda habar berlişi ýaly, 7 oýunda 5,5 utuk toplan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Wepaly Hallynyýazow toparymyzda kümüş medal gazandy.

Hindistanly halkara derejeli ussat G.Harşawardhan hem şonça utuk gazandy, ýöne goşmaça görkezijileriň netijesine görä, birinji orny eýeledi.

Beýleki bir ildeşimiz Aşgabadyň 117-nji mekdebiniň okuwçysy Amanmuhammet Hommadowyň soňky tapgyrdan öň 5 utugy bardy, ol jemleýji döwde Şri-Lankadan halkara derejeli ussat Da Silwany utsa, altyn medal eýeläp biljekdi. Ýöne onuň garşydaşynyň tejribesi köpräk bolansoň, ol bürünç medal gazandy. Amanmuhammet bolsa 40 türgeniň arasynda 5-nji orna düşdi.

Türkmenistanyň toparynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy Läle Şöhradowa hem bürünç medala mynasyp boldy.Zenanlar toparynda 36 küştçi baýraklar ugrunda bäsleşdi, ildeşimiz şolaryň arasynda mümkin bolan 7 utukdan 5,5 utuk gazandy.

Läle soňky tapgyrda gara mallar bilen oýnap, ýaryşyň çempiony, gazagystanly, zenanlaryň arasynda halkara derejeli ussat, Läle bilen duşuşmazdan ozal 100% netije gazanan Zeýnep Soltanbekden üstün çykyp, bürünç medal eýeledi. 6 utuk toplan şri-lankaly Gunawardana Dewindýa Oşini ikinji orna mynasyp boldy.

Indi nusgawy küşt boýunça 9 tapgyrda medallar toplumy ugrunda ýaryş geçiriler. Günbatar Aziýanyň ýetginjekler çempionaty 6-njy dekabrda blis ýaryşy bilen jemlener.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly ýetginjekler çalt oýnalýan küşt boýunça Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş we bürünç medala mynasyp boldular
Läle Şöhradowa küşt boýunça ýetginjekleriň arasyndaky Günbatar Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Türkmenistanly küştçi gyzlar Batumide geçirilen dünýä çempionatynda baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşdylar
Türkmenistanly küştçüler Günbatar Aziýanyň çempionatyny üç medal bilen tamamladylar
Türkmenistanly okuwçylar küşt boýunça Aziýanyň çempionatynda ýene iki medal gazandylar
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti