Ildeşimiz Aziýanyň wise-çempiony boldy

Bahreýn döwletinde dowam edýän agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda ildeşimiz Gülnabat Kadyrowa kümüş medala mynasyp boldy.Ol 71 kg agram derejesinde çykyş edip, birbada götermekde 102 kg, itekläp götermekde-de 117 kg agramy galdyrdy.

Ildeşimiziň birbada götermekde görkezen netijesi hem-de umumylykda galdyran 219 kg agramy oňa kümüş medal gazandyrdy.Bu ugurda altyn medala hytaýly Ýan Sýusýa mynasyp bolup, ol umumylykda 228 kg agramy (106+122) götermegi başardy.

Ildeşimiz Gülnabat Kadyrowadan 9 kg pes netije görkezen mongoliýaly Anuujin Ganzorigin münberiň 3-nji basgançagyna çykdy. Şeýle-de, 49 kg agramda çykyş eden ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa umumylykda 172 kg (75+97) agram bilen bürünç medal gazanypdy.

Onuň itekläp götermekde görkezen netijesi hem kiçi bürünç medala mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Gülnabat Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionatynda kümüş medala mynasyp boldy
Bahreýnde agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty tamamlandy
Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysy dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Er-Riýad şäherine bardy
Gazagystan we Türkmenistan göni howa gatnawyny dikeltmegiň üstünde işlärler, Mirziýoýew Aşgabada geler, Maryda ýapon medeniýetiniň günleri geçirildi
Yslam Raýdaşlygy oýunlarynyň agyr atletika ýaryşlaryna gatnaşjak türkmenistanly türgenler belli boldy
Türkmenistanda sekuntda 2,13 kubmetr kuwwatlykly suw sorujy stansiýa gurlar, Daşary ykdysady iş banky MasterCard ulgamyny synagdan geçirer, Kadyrowa agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda kümüş medala eýe boldy