
Eýranyň hökümetiniň metbugat sekretary Fatma Muhajirani, Siriýa bilen ilçihanalaryň iki taraply ýagdaýda gaýtadan açylmagy üçin geçirilýän gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.
Fatma Muhajirani, paýtagt Tähranda metbugata beren beýannamasynda “Ilçihanalar meselesinde hem biz hem-de Siriýa tarapy taýar. Iki ýurduň ilçihanalarynyň gaýtadan açylmagy üçin gepleşik geçirýäris” diýdi.
Muhajirani, Tähranyň siriýanyň territorial bitewiligine ähmiýet berýändigini nygtady.