Ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi bilen Aşgabadyň bazarlarynyň 'bazary sowuldy'

Ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi bilen Aşgabadyň bazarlarynyň 'bazary sowuldy'

Türkmenistanyň paýtagtynda bazarlaryň bazary sowuldy, ýagny alyjy ýok diýip, Aşgabatdaky bazarlaryň birinde söwda edýän täjir Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Azatlyk radiosy bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar bu ýyl çalşanda, Täze ýylyň öňünden hem bazarlaryň örän çolalyk bolandygyny habar berdiler.

Mysal üçin, Oguzhan köçesiniň günortasynda ýerleşýän “On bäş ýyl Abadançylyk” atly lomaý söwdabazarynda 2014-nji, 2015-nji ýyllaryň aýagynda, Täze ýyl söwdasyny etjek adamlaryň, ýa-da Gurbanlyk baýramynyň öňünden söwda etjekleriň köplüginden ýaňa, bazaryň içine girmek üçin hem uzyn nobata durmaly bolardy diýip, aşgabatlylar ýatlaýar.

“Elbetde, bu ýyl hem adamlar Täze ýyl saçagyny bezemek üçin bazarlara geldiler we gurplarynyň çatdygyndan söwda etdiler, emma Täze ýyl sowuldy, bazarlaryň-da bazary sowuldy” diýip, adynyň aýdylmazlyk şerti bilen gürleşen satyjy aýtdy.

Her bazar aýda bir gezek sanitar güni, arassaçylyk güni diýlip ýapylýar, şol günlerde adamlar bazara barmaýar, sebäbi olarişlemeýär, emma indi, 2018-nji ýylyň birinji gününden bäri, bazarlar hemişelik sanitar gününe geçene çalym edýär diýip, Azatlygyň ýene bir çeşmesi özünde galan bazar täsirlerini paýlaşdy.

Azatlygyň ýerli habarçylary paýtagtyň bazarlaryna aýlanyp, iki-ýeke alyjylaryň alýan harytlary bilen gyzyklandylar.

Alyjylaryň birnäçesi özleriniň çörek zawodlarynda bişirilýän çörekleri iýip bilmeýändiklerini we tamdyr çöreklerini almak üçin bazara gelendiklerini gürrüň berdi. Beýleki alyjylaryň birnäçesi bazara çagalaryna mekdep esbaplaryny, galam-depder almaga gelen bolsa, ýene birnäçesi bazarlardaky dermanhanalardan derman almaga gelipdir.

Türkmenistanyň prezidenti baýramçylyklaryň öňünden ýurduň bazarlarynda haryt bolçulygynyň döredilmegini, şonuň bilen bir wagtda ol harytlaryň arzan bolmagyny talap edip durýar. Belki-de şu talap bilen bagly, soňky döwürde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolup durýan firmalaryň käbiri bazarlarda adam gatnawy üçin goýlan ýerlerde wagtlaýyn seki gurup, bazar nyrhyndan has arzan bahalanýan harytlary satýarlar.

Azatlygyň habarçysy bu sekilerde satylýan harytlar bilen hem gyzyklandy. Olarda alma, sogan, kartoşka, kelem ýaly önümler satylýar. “Kelemiň1 kilogramy 1 manat, soganyň 1 kilogramy 2,50-3 manat aralygynda, alma 6 manat, apelsin 5,50-7 manat aralygynda” diýip, habarçymyz aýtdy.

Bu önümler bazardaky adaty tekjelerde Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň firmalarynyň goýýan bahasyndan azyndan iki esse gymmat satylýar, pomidoryň 1 kilogramy 12 manada barýar, sogan- 5-6 manat aralygynda, kelemiň kilogramy arzan bolanda 5 manatdan satylýar. Emma şol arzan önümleriň hem alyjysy köplük däl diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ýene bir bellemeli zat, Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabadyň bazarlarynda daşary ýurtlardan getirilen towuk butlary satyldy, ol butlaryň 1 kilogramy 8 manatdan, emma towuk butlary her ele diňe 1 kilodan berilýärdi.Bu towuk butlary häzirem satylýar we indi ozalky 1 kilogram çäklendirmesi hem ýok.

Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň “Mir bazaryndaky” wagtlaýyn sekilerde satylýan towuk butlarynyň geçirişini görmek üçin bir sagatlap şol ýerde boldy.

“Towuk butlaryny satyn almaga bir sagadyň dowamynda bary-ýogy iki alyjy geldi, satyjy olara öňki ýaly 1 kilogram çäklendirmesi ýok, bir adama 3 kilograma çenli towuk buduny berýäs’ diýdi, emma alyjylaryň biri 1 towuk buduny çekdirip alyp gitdi, beýlekisi bolsa 2 towuk buduny çekdirdi” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Aşgabadyň bazarlarynda göze ilýän ýene bir üýtgeşiklik bolsa, diňe alyjylaryň däl, satyjylaryň hem azalmagy bilen bagly. “Aýdaly, üç sekide bir satyjy dur, sebäbi olar alyjysyz bazarda gyşyň aňzagyna daňlyp oturmakdan peýda ýokdugyna düşünip,sekilerindäki hatyrlaryny goňşularyna tabşyryp, iş orunlaryna gezekleşip çykmaga başladylar” diýip, bazarlaryň ýagdaýyny öwrenen çeşmelerimiz habar berdi.

Gepiň gerdişine aýdylsa, bazarlarda satyjylara kärendesine berilýän söwda sekileriniň her kwadrat metrine ozal her günde 2 manat tölenen bolsa, häzir bu nyrh bäş manada çykaryldy. “Haryt goýmak üçin azyndan 2 kwadrat metr ýer almaly bolýar, günde 10 manat gazanç edip bilmeýän günlerimiz bolsa köp” diýip, bazarlaryň biriniň satyjysy Azatlyk radiosyna aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Türkmenistan dymýar we koronawirusa garşy göreşýär
Şu ýyl gök-bakja ekinleri artygy bilen taýýarlandy
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Ilatyň alyjylyk ukybynyň peselmegi bilen Aşgabadyň bazarlarynyň bazary sowuldy’