Ilatly ýekşenbe güni täsin programmaly maşgala ertirligini edinmäge çagyrýar

Ilatly ýekşenbe güni täsin programmaly maşgala ertirligini edinmäge çagyrýar

Italýan we Ýewropa aşhanasynyň tagamlaryny hödürleýän Ilatly restorany hemmeleri ýakymly we şadyýan ýekşenbe ertirlik naharyna çagyrýar. Bu çäre 18-nji awgustda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli dowam eder.

Restoranyň myhmanlary bary-ýogy 75 manat bilen dürli tagamlardan doly şwed stolundan lezzet alyp bilerler. Şeýle-de bolsa, bu çäräniň esasy gyzykly ýeri ýaşajyk myhmanlar üçin ýörite taýýarlanylan programmadyr.

Çagalara sagat 11:00-dan 12:00-a çenli dowam etjek Özüň aşpez: Burger taýýarla atly ýaşajyk aşpezleriň ussatlyk sapagyna gatnaşmak teklip ediler. Tejribeli aşpeziň ýolbaşçylygynda çagalar hakyky burgeri bişirmegi öwrenip, ondan lezzet alarlar.

Çagalar programmasynyň iň täsin pursady bolsa her bir çaga ýatdan çykmajak täsirleri wada berýän gorillanyň keşbindäki lybasly animatoryň gatnaşmagyndaky tomaşa bolar.

Entegem, bu gyzykly tomaşanyň hemmesi däl!

Ilatly restoranynyň wekilleri hem restoranyň her ýekşenbe güni dürli ussatlyk sapaklaryny geçirmegi meýilleşdirýändigini habar berdiler.

Ilatly restoranyna gelip, bütin maşgalaňyz bilen ýatdan çykmajak pursatlaryň eýesi boluň!

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Berkarar SDAM-daky Soltan restorany tort taýýarlamak boýunça sargytlary kabul edýär
Ilatly restoranynda tagamly aksiýa: pasta 50% arzanladyş
Tomusyň tagamy: Ilatly restorany her bir myhmanyna sowgat berýär
Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri