Ilatly restorany menýusyny täzeledi

Ilatly restorany menýusyny täzeledi

Ilatly italýan restorany menýusyny täzeledi. Restoran häzirki zaman gastronomiki meýillerine laýyk gelýän birnäçe täze naharlary we içgileri goşmak bilen, hödürleýän tagamlarynyň gerimini giňeltdi.

Täze naharlaryň arasynda restoranyň müşderileriniň isleglerine laýyk getirilen Gawaýiniň meşhur boul-poke tagamynyň üç görnüşi aýratyn üns çekýär. Indi Ilatlynyň myhmanlary towukly, krewetkaly ýa-da lososly boul-pokeden lezzet alyp bilerler.

Mundan başga-da, restoran içgiler menýusyny iki sany serginlediji görnüşi goşmak bilen giňeltdi. Birinjisi ysmanakdan we ananasdan taýýarlanan smuzi, ol sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler üçin ajaýyp saýlaw bolar. Ikinji täze içgi bolsa adaty babl gam tagamly limonaddyr, ol adaty bolmadyk tagam utgaşmalaryny halaýanlaryň ünsüni özüne çeker.

Ilatly müşderilerine diňe bir adaty italýan tagamlaryny däl, eýsem, häzirki zaman meşhur aşpezlik eserlerini hem hödürläp, döwür bilen aýakdaş barýar.

Ilatly restoranyna şu salgy boýunça baryp bilersiňiz: Änew, Gurbansoltan köçesi.

Telefon (+993 65) 65 01 41. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Ilatly italýan aşhanasynyň restorany myhmanlary çagyrýar
Ilatly restoranynda tagamly aksiýa: pasta 50% arzanladyş
Tomusyň tagamy: Ilatly restorany her bir myhmanyna sowgat berýär
Ilatly restorany oňaýly tomus eýwanyna çagyrýar
Ilatly ýekşenbe güni täsin programmaly maşgala ertirligini edinmäge çagyrýar
Awazadaky Soltan restorany gaýtalanmajak deňiz gözelligini we romantik gurşawy hödürleýär