Ilatly restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar

Ilatly restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar

1-nji iýunda Ilatly restorany Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli çagalar we olaryň ene-atalary üçin iň bir gyzykly, şatlyk-şowhunly ýere öwrüler.

Şol gün sagat 12:00-dan — 15:00-a çenli kiçijik myhmanlar bu ýerde kitirdewük naggetsler, hoşboý ysly pizzalar, datly burgerler hem-de sowuk miweli içgiler ýaly özleriniň iň halaýan tagamlaryndan lezzet alyp bilerler.

Bu baýramçylyk gününiň bütin dowamynda tejribeli animatorlar çagalaryň bir minudyny hem gyzyksyz geçirmezleri ýaly, gyzykly oýunlar we bäsleşikler bilen wagtlaryny hoş geçirerler.

Restoranyň çäginde şeýle hem çagalaryň açyk howada oýnamagy üçin niýetlenen kiçijik oýun meýdançasy bardyr.

Ilatly restorany myhmanlary rahat atmosferasy we hoşboý ysly ýaşyl bagy bilen özüne çekýär. Örän oňaýly howa şertlerinde myhmanlar eýwanda ýa-da werandada oturyp, ýakymly tagamlardan we arassa howadan lezzet alyp bilerler. Ilatly restoranynyň tagamnamasy dürli görnüşli italýan we ýewropa tagamlaryny hödürleýär.

1-nji iýunda geçiriljek baýramçylyk çäresine gatnaşmak üçin hökmany suratda öňünden ýer sargyt etmelidir.

Özüňize ýer sargyt etmäge howlugyň, sebäbi oturgyçlaryň sany çäklidir!

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Maral: Bu işe başlanymda utanjymdan ýaňa ýer ýarylmady, men girmedim
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Katmer: Aşgabada eltip bermek hyzmaty bilen köpdürli türk süýjülikleri
Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky fransuz aşhanasynyň restorany Dejavu eýwanynyň açylyşyna çagyrýar
Soltan Aşgabadyň islendik ýerine tagamlary eltip bermek hyzmatyny hödürleýär