Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar 

Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar 

15 ýyl bäri ilatyň sany barada resmi görkeziji çap etmeýän Türkmenistanda şenbe güni başlanan ilat ýazuwynda dürli kemçilikler we galplyklar ýüze çykyp başlady. Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri ýaşaýjylaryň iki gezek hasaba alynýan ýagdaýlary barada maglumat berýärler.

"Türkmenbaşyda ilat ýazuwy başlandy, resmiler galplyga ýol berýär. Propiskada bolan raýatlar we içerki migrantlar iki sapar ýazgydan geçirilýär. Her bir öýde şol wagt bar bolan adamlary hem ýazýarlar, şeýle-de ýazgyda bolan, emma ýaşamaýan adamlary hem hasaba alýarlar" diýip, regiondaky ýagdaýa syn edýän habarçymyz 19-njy dekabrda aýtdy.

Habarçynyň sözlerine görä, hasapçylar onuň özüni-de iki gezek, ýagny öz hususy öýünde, hem-de başga bir welaýatda myhmançylykda bolan ýerinde hasaba alypdyrlar.

"Hatda meniň özümi eýýäm iki gezek hasaba aldylar. Diýmek, beýle gitse, ýazuwyň netijesi yglan edilende, ilatyň sany hakykysyndan esli artykmaç bolup çykar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Türkmenistanda tutuş ýurt boýunça ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy 17-nji dekabrda başlandy.

Habarçylar we çeşmeler hojalyklary aýlanmak we ilat ýazuwyny geçirmek işine mugallymlaryň hem çekilendigini, şu sebäpden käbir sapaklaryň ýatyrylandygyny aýdýarlar.

"Başlanan ilat ýazuwynda mekdep mugallymlaryny mejbury ulanýarlar. Türkmenbaşyda mekdeplerde şu gün 3-nji sapakdan soň mugallymlar ýok. Okuwçylary öýlerine goýberdiler" diýip, habarçy 19-njy dekabrda aýtdy.

Türkmenistanyň media serişdeleri ilat ýazuwynyň ýörite okuwlary geçen hasaplaýjylar tarapyndan sowal-jogap geçirmek hem-de elektron ýazuw resminamalaryny doldurmak arkaly amala aşyryljagyny habar beripdi.

"Ilat ýazuwyny geçirijileri olaryň ýörite şahadatnamasy, keltekçesi hem-de ýaşyl reňkli, ilat ýazuwynyň nyşany şekillendirilen ýaşyl torbasy boýunça tanap bolýar" diýip, hökümetçi "Turkmenportal" neşiri habar berdi.

Maglumatda ählihalk çäresiniň esasy wezipesiniň ýurduň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny nygtaldy. Şeýle-de, ýurduň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi habar berildi.

2007-nji ýyldan bäri ilatyň sany barada resmi san çap etmeýän Türkmenistanda soňky gezek ilat ýazuwy 2012-nji ýylyň dekabr aýynda geçirilipdi. 10 ýyl mundan ozalky şol ilat ýazuwynyň netijeleri şu çaka çenli yglan edilmedi.

"Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek!" şygary astynda geçýän häzirki ilat ýazuwy 27-nji dekabra çenli dowam eder.

Döwlet metbugatynda berlen habarlara görä, häzirki ilat ýazuwy ýurduň demografiki aýratynlyklaryny we raýatlaryň ykdysady şertlerini, şol sanda girdeji çeşmelerini, iş derejesini görkezmelidir. Resmi maglumatlarda ilat ýazuwnyň netijesinde raýatlaryň bilim derejesi, etniki we medeni aýratynlyklary, raýatlaryň etnik gelip çykyşy, ene dili, ýaşaýyş şertleri ýaly möhüm görkezijileriň aýan bolmagyna garaşylýandygy aýdylýar.

Mundan ozal Azatlygyň çeşmeleri ýurt häkimiýetleriniň demografiki krizisden aladalanýandygyny habar beripdi. Hökümete ýakyn ygtybarly çeşmeleriň beren maglumatlaryna görä, 2009-2019-njy ýyllar aralygynda Türkmenistandan 1,9 milliona golaý raýat çykyp gidipdir, şeýle-de soňky resmi barlaglar ýurtda 2,7-2,8 million töweregi adamyň galandygyny görkezipdir.

Türkmenistanyň ýolbaşçylary demografik problemasyny resmi derejede agzamaýarlar.

Türkmenistanyň ilaty barada resmi statistika 2007-nji ýyldan bäri çap edilmeýär. Iň soňky gezek 2006-njy ýylda türkmen häkimiýetleri ýurtda 6,7 milliondan gowrak adamyň ýaşaýandygyny öňe sürüpdi.

Dürli çeşmelere görä, Sowet Soýuzynyň dargamagyndan ozal Türkmen Sowet Sosialistik Respublikasynyň ilaty 3,7 milliona golaý adamdy.Ondan soňky ýyllarda, Milli statistika we maglumat institutynyň maglumatlaryna görä, 1995-nji ýylda bu san 4,5 million, 2000-nji ýylda - 5,37 million, 2002 - 5,79 million boldy. 2003-nji ýylyň aprelinde Türkmenistan hökümetiniň metbugat gullugy alty million sanly raýatyň dünýä inendigini habar berdi. 2006-njy ýylyň mart aýynda institut ilatyň 6,79 milliona ýetendigini mälim etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ýaşlaryň arasynda welosipedli ýöriş geçirildi
Ilatynyň sany barada 15 ýyl dymýan Türkmenistan nobatdaky ilat ýazuwyny geçirdi
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy
ТУРКМЕНИСТАН ГОТОВИТСЯ К СПЛОШНОЙ ПЕРЕПИСИ НАСЕЛЕНИЯ И ЖИЛИЩНОГО ФОНДА
BMG: Dünýä ilaty 8 milliarda ýetdi