Ilat ýazuwy boýunça BMG-niň ýokary derejeli bilermen wekiliýetiniň brifingi geçirildi

28-nji aprelde BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň edara binasynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak üçin ýurdumyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň ýokary derejeli bilermenler wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda brifing geçirildi.

Bilermenleriň bir hepdäniň dowamynda alyp baran işiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilen çärä milli metbugatyň wekilleri hem-de ýurdumyzda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýeri gelende, şu ýylyň ýylyň Dekabr aýynyň 17-den 27-si aralygynda ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge taýýarlanýar.Bu ilat ýazuwy ilatyň demografik düzümi hem-de raýatlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almak maksady bilen geçirilýär.

Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy çylşyrymly hem-de giň gerimli çäre bolup, onuň taýýarlyk tapgyry hem möhüm bolup durýar. Şol sebäpli, BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Ilat gaznasynyň bilermenlerinden ybarat bolan ýokary derejeli wekiliýet şu hepdäniň dowamynda ýurdumyzda saparda boldy.

Bilermenler ilat ýazuwyna taýýarlyk işleriniň barşy bilen tanşyp, onuň netijeleriniň halkara ülňülere laýyk gelmegini gazanmaga mümkinçilik berjek tekliplerini we maslahatlaryny berdiler.Saparyň çäklerindäki Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy, Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy, Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda hereket edýän düzümleriniň wekilleri bilen duşuşyklarda ilat ýazuwynyň usulyýet materiallary gözden geçirildi we degişli tehniki hünärmenleriň gatnaşmagynda bu barada pikir alşyldy.

Brifingde eden çykyşynda BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň demografik statistika bölüminiň başlygy, wekiliýetiň ýolbaşçysy Srjan Mrkiç Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny halkara ýörelgelere hem-de iň öňdebaryjy tejribä laýyklykda geçirmek üçin ýokary derejede taýýarlyk görlendigini belläp:

“Bilermenleriniň wekiliýeti iň häzirki zaman çemeleşmelerini we tehnologiýalaryny ulanyp, ilat we ýaşaýyş jaý gorunyň ýazuwyny geçirmek we deslapky hem-de jemleýji netijeleri öz wagtynda we hemmetaraplaýyn ýaýratmak üçin Türkmenistanyň hökümetiniň berk ýolda durandygy barada netijä geldi.

Bilermenleriniň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanyň hökümetine meýilnamalaşdyrmagyň, ýerlerde maglumat ýygnamagyň, ilat ýazuwynyň netijelerini redaktirlemegiň, gaýtadan işlemegiň we ýaýratmagyň ähli tapgyrlarynda halkara ülňüleriniň doly berjaý edilmegini üpjün etmek üçin goldaw we ýardam bermegi dowam etdirmek baradaky borçnamasyny gaýtadan tassyklady” diýip sözüniň üstüni ýetirdi.

BMG-nyň ilat ýazuwy boýunça ýokary derejeli bilermenleriniň wekiliýeti hökümet bilen geçirilen işleriň netijesinde maslahatlary öz içine alýan resmi beýannamany işläp düzdi.

Brifingiň ahyrynda BMG-niň ýokary derejeli bilermenler wekiliýetiniň agzalary žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Ýene degişli makalalar

Halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing
Türkmenistan welosipediň ähmiýetine bagyşlanan halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýär
DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ REZOLÝUSIÝASYNY KABUL ETMEGINE, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
HALKARA SYNÇYLAR SAÝLAWLARYŇ KANUNA LAÝYK ÝAGDAÝDA GEÇENDIGINI TASSYKLADYLAR
Halkara synçylar saýlawlaryň kanuna laýyk ýagdaýda geçendigini tassykladylar