Il içinde öň “çernyý lebed”, häzir “Abdyşükür” atlandyrylýan deslapky tussaghanada tussaglar gynalýar

Il içinde öň “çernyý lebed”, häzir “Abdyşükür” atlandyrylýan deslapky tussaghanada tussaglar gynalýar

Sowet döwründe bu düzediş edarasy halk arasynda “çernyý lebed”, ýagny “gara guw” atlandyrylýardy. Ýaşuly nesliň wekilleriniň gürrüň bermegine görä, sowet döwründe oňa gabalan tussaglaryň arasynda tussaghanadan diri çykmaýan adam köp bolansoň, ol il arasynda “gara guw” atlandyrylypdy.

Koloniýada heniz kazyýet jogapkärçiligine çekilmedik jenaýatda güman edilip saklanan raýatlar saklanýar.Bu deslapky tussaghanada ozal oturyp çykan bir tussag Azatlyk Radiosynyň habarçysyna tussaghana barada gürrüň berdi.Onuň sözlerine görä, häzirki döwürde bu düzediş koloniýasynda tussaglara ýowuz daralýar, olar gynalýar, iýmit üpjünçiligi juda ýaramaz, hem-de “zyndandaky bendileriň” arasynda keselçilik höküm sürýär. “Jenaýatda güman edilip saklanan tussaglar, ilkibaşda sorag edilip, soňra giriş bölümine golaý ýerdäki we ikinji etaždaky esasy iki türme kamerasyna ýerleşdirilýär” diýip, öňki tussag gürrüňe başlaýar.

Agzalýan kameralar degişlilikde Karantin 1 we Karantin 2 atlandyrylýar.Bu kameralarda tussgalar wagtlaýyn saklanýar.Olar soňra beýleki kameralara paýlanyp berilýär. Öňki tussag bu kameralarda arassaçylygyň “ýürekbulançdygyny”, gigiýena şertleriniň juda ýaramazdygyny aýdýar. “Wagtlaýyn tussaglar beton ýeriň üstünde ýatmaly bolýar.

Her kamerada ini 1.5 metrlik uzynlygy 4 metrlik iki sany insiz tagta bar.Has az adama niýetlenen bu kameralaryň her haýsysynda azyndan 25-30 adam saklanýar.Her 15 günde bir gezek karantinde saklanýan tussaglar beýleki kameralara paýlanýar” diýip, öňki tussag Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär. “Her kameranyň çüňkünde daşyna mata örtülip goýlan hajathana we onuň gapdalynda legen bar” diýip, öňki tussag gürrüňe dowam edýär.

Ol tussaglaryň arassaçylyk taýdan juda ýaramaz şertlerde ýaşamaga mejbur edilýändigini nygtaýar.Onuň sözlerine görä, Karantin 1 we Karantin 2 atly kameralarda saklanýan tussaglar günüň dowamynda iki gezek agyr urgylara duçar edilýär. “Tussaglary mekgejöwen ýaly ýatyryp geçýärler, depýärler” diýip, öňki tussag aýdýar. “Kamerada tussaglary hatara düzýärler.

Adyň aýdylanda hatardan üç ädim öňe çykmaly.Soňra haýsy jenaýatda aýyplanyp geleniňi soraýarlar. Ýöne bu soraglara jogap bermek gadagan.Onsoň urup başlaýarlar.Her urguda 3 metr dgay yza zyňylyp gidýän adamlar bar” diýip, öňki tussag aýdýar.

Ol urýan adamlaryň türme sakçylardygyny aýdyňlaşdyrýar. “Olar 10-11 adam bolup dubinkaly kameralara girýärler” diýip, tussag aýdýar. “Olara 'dubak' diýilýär” diýip sözüne goşýar. “Janyň agyraýjak ýeriňe urýarlar. Ýörite janyň agyraýjak ýerine” diýip, öňki bendi Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berýär.

Onuň sözlerine görä, 15 günden soň karantin kameralardan beýleki kameralara paýlananan tussaglary gynamak işleri hepdede bir gezek ýola goýulýar. “Adamlaryň etmedik işleri olaryň boýnuna goýulýar.Gaty elhenç.Ol ýerde elektrik toga tutýarlar” diýip, öňki tussag çala hamsykýar.

Tussaglara günüň dowamynda bugdaý ýarmasy gaýnadylyp berilýär.Olaryň her haýsysyna gündelik ýarym buhanka çörek berilýär. “Ýarmanyň içinde bugdaýyň samany göze görnüp dur” diýip, öňki tussag ýatlaýar.Sud höküm çykarýança tussaglar şol ýerde saklanýar.

Bu Düzediş koloniýasy bilen Türkmenabadyň Inçekesel hassahanasynyň arasynda ýeke diwar bar, ýöne “tussaghanada inçekesel bilen keselleýän adamlaryň sany sajagy ýok, olara seredilmeýär” diýip, öňki tussag aýdýar.Tussaglaryň hossarlaryna olary aýda bir gezek görmäge rugsat berilýär. “Ýöne mundan daşgary geçirilýän her duşuşyk üçin 250 manat para tölemeli” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüňdeşine salgylanýar.

Bu deslapky tussaghana Içeri işler ministrligine degişli bolup, onda adamyň janyna kast eden, ogurlykda saklanan, talaňçylyk eden, ýa-da başga islendik aýyplama bilen tussag edilen raýatlar saklanýar.Adam hukuklary boýunça geçirilýän halkara ýygnaklarda türkmen resmileri Türkmenistanyň türmelerinde tussaglaryň gynalmaýandygyny olara wagtly-wagtynda nahar berlip, oalryň saglygyna seredilýändigini öňe sürýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat: Ýerzeminde ýerleşýän wagtlaýyn gabawhanada tussaglaryň 'mertebesi kemsidilýär'
Berdimuhamedow türki geňeşiň media giňişliginiň döredilmegine çagyrdy, Zaman gazetini nusga görkezdi
Kiýewiň Golaýynda FOX TW-niň Kameraçysy Ulagyna Ot Açylandygy Sebäpli Ýogaldy.
Samsung ulanyjylary sosial ulgamlarda aýratyn funksiýalara eýe bolarlar
Ilkinji iPhone 15 ýaşady
Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy
Türkmenistanda çagalar ýitirim bolýar we zorluga sezewar edilýär. Häkimiýetler ýazga alýarlar, ýöne düşündiriş bermeýärler