Ikisi-de ilkinji gezek finalda

Aziýanyň Çempionlar ligasy (AFC Champions league) ýaryşynda-da finalçylar belli bolup, Eýranyň “Persepolis” topary bilen Ýaponiýanyň “Kaşima Antlers” kluby duşuşar. 1-nji duşuşyk şu gün Ýaponiýanyň Kaşima şäheriniň adybir stadionynda oýnalar.

Oýunda hytaýly Ma Nin jürlewük çalar.Omanly Ahmed Al-Kafyň eminlik etjek jogap duşuşygy-da 10-njy noýabrda Tährandaky “Azady” stadionynda geçiriler.Iki toparam ilkinji gezek finalda duşuşar. “Persepolis” ýarym finalda Kataryň “Al-Sadd” toparyndan (10, 11), “Kaşima Antlers” bolsa, Günorta Koreýanyň “Suwon Samsung Bluwings” toparyndan (32, 33) üstün çykypdy.Afrikanyň Çempionlar ligasy (CAF Champions league) bäsleşiginiň finalynda Müsüriň “Al-Ahli” topary bilen Tunisiň “Esperans de Tunis” kluby güýç synanyşar. 54-nji gezek geçirilýän ýaryşda “Al-Ahli” 8, “Esperans de Tunis” 3 gezek kubogy eýeledi.

Ýene degişli makalalar

“Altyn asyr” bilen “Dordoý” iň köp oýunçy iberen klublar
AFCENT Aşgabatda saparda boldy
26 futbolçynyň deň ýarysy bir klubdan ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy mälim edildi
Nasaf bu ýyl Altyn asyryň garşydaşy bolmaz, ol AFK-nyň Çempionlar ligasyna hukuk gazandy
Ertir AFK-nyň Çempionlar ligasynda saýlama duşuşyklar geçiriler
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder