Ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy

20-nji awgustda Gwatemalada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda “Semilla” hereketine wekilçilik edýän Bernardo Arewalo ýeňiş gazandy. Saýlaw býulletenleriniň 85%-i sanalandan soňra, Arewalo 59% sese, esasy bäsdeşi, “Milli umyt birligi” partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Sandra Torres bolsa, 35% sese eýe boldy. Bu barada Ýokary saýlaw kazyýetiniň maglumatlarynda tassyklanýar.

Soňky maglumatlara görä, prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyryna 9,36 million saýlawçynyň 44,49%-i gatnaşypdyr. Gwatemalanyň häzirki Prezidenti Alehandro Jammatei 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri ýurduň ýolbaşçysy bolup, Konstitusiýa laýyklykda, gaýtadan saýlanmaga hukugy ýok. Täze Prezidentiň kasam kabul edişlik dabarasy, adatça, 14-nji ýanwarda, ýurduň täze gurultaýynyň dabaraly maslahatynda geçirilýär.

Huan Hose Arewalonyň (1945-1951-nji ýyllarda prezident) ogly Bernardo Arewalo 64 ýaşly diplomat we syýasatçy. Ol 1980-1990-njy ýyllarda daşary işler ministrliginde işledi. Onuň esaslandyran “Semilla” sosial demokratik hereketi 2017-nji ýylda hasaba alyndy.

Gwatemala Respublikasy Merkezi Amerikadaky ýurt. Günorta-gündogarda Salwador, gündogarda Gonduras, demirgazyk-gündogarda Beliz, demirgazykda we günbatarda Meksika bilen serhetleşýär. Gündogarda Karib deňzi we günortada Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar. Ilat sany boýunça Merkezi Amerika Respublikalarynyň iň ulusy bolan ýurtda 17 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Paýtagty Gwatemala şäheridir. Resmi dili ispança.

Ýene degişli makalalar

“Ýuwentusa” taryhy jerime 15 utugy aýryldy
Bütindünýä banky Salwadora bitkoine geçmekde goldaw bermekden ýüz öwürdi
Daşary ýurt metbugatyna syn
Günorta Koreýanyň milli ýygyndysy garyşykda ýaý bilen atmakda altyn medal gazandy
ABŞ wenesuelaly bosgunlary gorag astyna aldy
Messi onkologiýa merkeziniň gurluşygyna gatnaşandygy üçin baýrak aldy