Çehiýada 13-14-nji ýanwarda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň netijelerinden soň, Petr Pawel we Çehiýanyň öňki Premýer-ministri, ANO syýasy hereketiniň lideri, Andreý Babiş 27-28-nji ýanwarda geçiriljek saýlawlaryň ikinji tapgyra çykdylar.
Saýlaw uçastoklarynyň 100 göteriminde sesler sanalandan soň, Paweliň 35,39% sese, Babişiň bolsa, 35% sese eýe bolandygy belli boldy. Şeýlelikjde, NATO-nyň harby komitetiniň öňki başlygy Petr Pawel Çehiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda öňdäki orunlary eýeledi.
Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgäriň azyndan 50%-niň ses almagy esasy şertleriň biridi.Birinji tapgyra saýlawlara gatnaşanlaryň sany 68,24%-e deň boldy.
Takmynan 10,6 million ilaty bolan ýurtda 8,3 million saýlawçynyň ses bermähe hukugy bolup, 14 857 saýlaw uçastogy döredildi. Häzirki saýlawlar, Çehiýanyň taryhynda döwlet baştutanynyň üçünji göni we umumy saýlawlarydyr. Bu görnüşdäki saýlawlar ilkinji gezek 2013-nji ýylda geçirildi. Ondan öň prezident parlament tarapyndan saýlanýardy.
Petr Pawel 1961-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Çehiýanyň günbataryndaky Plana şäherinde harby maşgalada dünýä indi. Harby ugurdan bilim alan Petr Pawel birnäçe daşary ýurt dillerini bilýär. Pawel liberal bolup, Ýewropany goldaýan syýasatçylaryň biridir. Ol Çehiýanyň Ýewropa Bileleşigine agzalygynyň öz ýurdy üçin zerur we peýdalydygyny öňe sürýär.
Slowak milletinden bolan Andreý Babiş 1954-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Bratislawada ozalky Çehoslowakiýanyň daşary söwda guramasynyň ýokary derejeli işgäriniň maşgalasynda dünýä indi.Ol Bratislawadaky Ykdysadyýet uniwersitetini daşary söwda bölümini tamamlady.
Ol 1989-njy ýylda Pragada işläp başlady.Transmilli agroholdingiň eýesi Andreý Babiş Çehiýanyň iň gurply raýatlarynyň biri bolup, baýlygy 75 milliard kron (takmynan 3,5 milliard dollar) diýlip çaklanylýar.
Ol 2014-nji ýylyň ýanwar aýyndan 2017-nji ýylyň maý aýyna çenli maliýe ministri we Çeh hökümetiniň başlygynyň birinji orunbasary boldy.Ol 2017-nji ýylyň dekabryndan 2021-nji ýylyň dekabry aralygynda Çehiýanyň Ministrler Kabinetine başlyklyk etdi.
Häzirki prezident Milos Zemanyň ygtyýarlyklary mart aýynda gutarar. Ol bu wezipäni 2013-nji ýyldan bäri eýeläp gelýär. Zeman saýlawlarda iki gezek ýeňiş gazandy. Konstitusiýa oňa gaýtadan saýlanmaga ygtyýar bermeýär. Oňa parlamentiň agzalaryny teklip etmek, parlamenti ýatyrmak, kanunlara weto bermek ýaly aýratyn ygtyýarlyklar berilýär. Şeýle hem, Çehiýanyň Premýer-ministrini we hökümetiň agzalaryny belleýär.