Ikinji synanyşyk hem şowsuz boldy

ABŞ-nyň kosmos pudagynda iş alyp barýan “SpaceX” kompaniýasynyň Aýa uçurmak maksady bilen işlenip taýýarlanýan “Starship” raketasynyň ikinji synag uçuşy hem şowsuz tamamlandy. Äpet raketa howa göterilenden 2,5 minutdan soňra ýaryldy. Uçuş 90 minut dowam etmelidi. Partlaýyşyň ikinji uçuş tapgyrynda emele gelendigi mälim edildi.

Kompaniýanyň inženeri “Jon Inspruker bu synanşyklary sapak almak we kemçiliklerimizi görmek üçin ýerine ýetirýäris. Bu günki synanyşykda raketanyň 33 motory hem bökdençsiz işledi. Uçuşyň ikinji tapgyryndaky partlaýyşyň awtomatik uçuşy duruzýan ulgamyň bes edilmeginde gijä galmak bilen baglydygyna ynanýarys” diýip belledi.

Mundan ozal aprel aýynda amala aşyrylan uçu’da raketa 4 minutdan soňra ýarylypdy. Kompaniýa bu raketa bilen Aýa adamly uçuşlary ýola goýmak isleýär.

Ýene degişli makalalar

Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
Emeli hemralarynyň sany 5 müňe ýetdi
8 günlügine kosmosa gitdiler, haçan geljekleri belli däl
Ýitip gitmek howpy abanýan jandarlar
Äpet hem owadan jandar
Äpet pandalar ýitip gitmekden halas edildi