Bütindünýä Söwda Guramasynyň Ženewadaky ştab-kawartirasynda nigeriýaly zenan Ngozi Okonjo-Iwealany guramanyň başlygy wezipesine ikinji gezek bellendi.Bu barada guramanyň metbugat beýanatynda habar berildi.Bu karar BSG-niň Baş Geňeşiniň nobatdan daşary maslahatynda kabul edildi.
Gurama täze baş direktor bellemek meselesi resmi taýdan 8-nji oktýabrda başlandy.Dalaşgär hödürlemek möhleti gutarandan soň, ikinji dört ýyllyk möhleti eýelemäge taýýardygyny tassyklan N.Okonjo-Iweala bu wezipe üçin ýeke-täk dalaşgär bolup galdy.
N.Okonjo-Iwealanyň ikinji möhleti 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda başlar.Nigeriýada doglan Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasyna ýolbaşçylyk edip gelýän ilkinji zenan we ilkinji afrikalydyr. Ösüş meseleleri boýunça ykdysatçy hökmünde Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Bankynda 25 ýyl dolandyryjy müdir bolup işläpdi.
Bütindünýä Söwda Guramasy halkara söwdany liberallaşdyrmak we agza döwletleriň söwda we syýasy gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda döredilen halkara guramadyr.BSG bu köpçülikleýin pikir alyşmalar we gepleşikler geçirilende halkara söwdasynyň kadalary döredilýän we onuň ýolundaky päsgelçilikleri azaltmak meselelerine seredilýän forumdyr.
Bu gurama 1947-nji ýylyň oktýabr aýynda Ženewada 23 ýurt tarapyndan gol çekilen Tarifler we söwda baradaky umumy şertnamanyň mirasdüşeri bolup durýar.BSG 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda resmi taýdan esaslandyrylýar.
Häzir bu guramanyň düzümine döwletleriň 160-a golaýy girýär, ýurtlaryň 25-den gowragy bolsa synçy derejesine eýedir. /* custom css */ .td_uid_15_674c51f7761b9_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674c51f7761b9_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }