Iki ýurduň taryhlaryndaky ilkinji Olimpiýa medallary

Fransiiýanyň paýtagty Parižde XXXIII ýokary depginde dowam edip, 7-nji günde 2 ýurt Karib deňziniň 2 wekili Olimpiýa oýunlarynyň taryhyndaky ilkinji medallaryny gazandylar. Iki medal hem altyn medal boldy. Iki ýurt hem 1996-njy ýyldan bäri yzygiderli Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp gelýär.

Zenanlaryň arasyndaky Ýer şarynyň iň tiz türgenini kesgitleýän 100 metr ylgaw ýaryşynda Sent-Lýusiýaly Julen Alfred 10,72 sekuntda pellehana gelip, altyn medaly gazandy.

Ol ýurdunyň adyndan Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medal gazanan türgen hökmünde hasaba alyndy. 23 ýaşyndaky türgen bu ugurda altyn medalyň iň uly we esasy dalaşgäri amerikaly Şa’Karri Riçardsony hem-de onuň watandaşy Melissa Jeffersony yzda galdyrdy.

Alfred ýarym finalda-da Riçardsondan öňe saýlanmagy başardy.

Zenanlaryň arasynda üçüdikläp bökmekde-de Karib deňziniň başga bir ýurdy Dominika döwletiniň türgeni ýeňiji boldy. Tea LaFond 15,02 metr uzaklyga böküp, altyn medaly gazandy. Ýamaýkaly Şanieka Rikkets kümüş, amerikaly Jasmin Mur bürünç medala mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

15 ýurt BMG-niň adam hukuklary boýunça Geňeşine saýlandy
Dominikanly 24 gün açyk ummanda galdy
Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Täjirçilik maksatly suborbital uçuş
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary