Hollywood-yň iki ussady oskarly aktýor Leonardo DiKaprio bilen oskarly režissýor Martin Skorseze ýene bir ýola bilelikde işleşerler.Olaryň bilelikdäki indiki ekran eseri The Wager diýlip atlandyrylýar.
Dewid Grannyň adybir romany esasynda ekranlaşdyryljak filmdäki wakalar 1740-njy ýyllarda bolup geçýär.Filmde The Wager atly iňlis gämisiniň Günorta Amerikanyň adam aýagy sekmedik adalarynyň birinde batyp galmagyndan soň, gäminiň kapitanynyň we onuň ekipažynyň diri galmak üçin alyp barýan göreşi barada söhbet açylýar.
Filmiň haçan surata düşürilip başlanjakdygy we onuň haçan ekranlara çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl.Bu kino DiKaprio bilen Skorsezeniň bilelikdäki 7-nji filmi bolup, olar şu wagta çenli Nýu Ýorkuň garakçylary (Gangs of New York, 2002), Awiator (The Aviator, 2004), Dänenler (The Departed, 2006), Lagnat siňen ada (Shutter Island, 2010) hem-de Woll Stritiň möjekleri (The Wolf of Wall Street, 2013) filmlerinde bile işleşipdi. Şeýle-de, geljek ýyl ikisiniň Killers of the Flower Moon atly bilelikdäki 6-njy filmi hem ekranlarda peýda bolar.