Soňky ýyllarda elektrik energiýasy bilen işleýän welosiped bazary barha gyzyşýar. Şol sebäpli iri awtoulag öndüriji kompaniýalar hem welosiped we beýleki kiçi göwrümli ulaglary öndürýärler.Dünýäniň öňdebaryjy awtoulag öndüriji kompaniýalaryň biri bolan Peugeot az hem bolsa, motosikl we welosiped önümçiligi bilen meşgullanýar.
Bu ugra has köp ähmiýet berip başlan kompaniýa Crossover eT01 atly seriasyny tanyşdyrdy.Dürli görnüşli bolan täze welosipedleriň käbiri gündelik zerurlyklar üçin, käbiri dagda we ýolsuz ýerlerde sürmäge niýetlenipdir.
Olaryň ählisinde Bosch kompaniýasynyň hereketlendirijileri we batareýalary oturdylypdyr.Welosipedlere daşyndan seredeniňde elektrik energiýasy bilen işleýändigini bilmek aňsat däl.Sebäbi, olaryň batareýasy dürli ýerlerindäki gurluşyň içine ýerleşdirilipdir.Ulagyň iň ýyndamynyň tizligi sagatda 110 kilometre ýetýär.
Täze welosipedleriň bahasy Ýewropada 2500-4000 ýewro aralygynda üýtgeýär.