Iki sany barlag-geçiş nokady açylandan soňra Özbegistandaky türkmen studentleri watana dolanmaga başladylar

Iki sany barlag-geçiş nokady açylandan soňra Özbegistandaky türkmen studentleri watana dolanmaga başladylar

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” owalky magluamtlaryna görä, 26-njy noýabrda Türkmenistanyň we Özbegistanyň serhedindäki “Hojaili-Könürgenç” we “Şawat-Daşoguz” barlag-geçiş nokatlary täzeden açylypdy.

Görülip oturylsa, BGN diňe ýük ulaglary üçin açylmandyr.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna laýyklykda, serhediň açylmagy netijesinde türkmen studentleriniň bir bölegi öýlerine dolandylar.

Studentler öýlerine dolanmak üçin Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçihanasyna okuwyny tamamlandygy barada resminamany we okuw jaýyna bergisiniň ýokdygy babatda güwänamany hödürlemeli.

Şol resminamalar hödürlenenden soňra, azyndan 20 adamdan ybarat topar düzülýär we olaryň watana dolanmagy üçin gün bellenýär.

Olar öýlerine dolanmazdan bir gün owal Özbegistanyň saglyk edarasynda COVID-19 synagyny tabşyrmaly. Topar ilçihananyň taýýarlan sanawy boýunça serhetden geçýär.

Studentler araçäkden geçenden soňra, türkmen saglyk işgärleri olardan synag alýarlar. Olaryň synagy oňaýsyz çyksa, öýlerine ýollanýarlar.

Polisiýa ene-atalaryň serhet nokadyna barmazlygyny we ol ýerde adamlaryň toplanmazlygyny talap edýär.

Maliýe kynçylyklary we beýleki meseleler bilen bagly okuwyny tamamlap bilmedikler ahyrynda öýlerine dolanarlar.

Şol bir wagtyň özünde, Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy esasy bolan (hossarlarynyň ýanyna ýa-da saglygyny bejertmäge gidip bilýärler) türkmen raýatlaryna 10 günlik wiza bermäge başlady.

Iki ýurdyň arasyndaky Könürgenç, Kelif we Tallymerjen BGN-ry ýapyklygyna galýar.The post Iki sany barlag-geçiş nokady açylandan soňra Özbegistandaky türkmen studentleri watana dolanmaga başladylar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

'Demirýol derdi' bejerilmeýär, ilat Azatlyk arkaly sesini eşitdirmäge çalyşýar
Türkmenistanda guşlary hasaba almagyň gyşky möwsümi tamamlandy
Täjigistanyň 108 sany ýük wagony türkmen serhedinden geçip bilmän galýar
Täjigistanyň ýük ulaglary Türkmenistanyň serhedinden geçmek üçin rugsada garaşýarlar
Lebapdaky mekdepde Durnalar güni bellenildi
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi