Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde hökümet güýçleri bilen “Talyban” jeňçileriniň arasynda ýüze çykan dartgynly çaknyşyklar ol ýerlerde ýaşaýan etniki türkmenleri içerki bosgunlyga iterdi. Ýüzlerçe türkmen maşgalalary, şol sanda aýal maşgalalar, ýaş çagalar, ýaşulular, erkek adamlar mundan dört aý töweregi wagt ozal öz ýaşaýan ýerlerini terk edip, Jöwüzjan welaýatynyň Şybyrgan şäheriniň etegine göçüp bardylar. “Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň bu günki sanynda içerki bosgunlyga mejbur bolan owgan türkmenleriniň ýagdaýy barada Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdulkadyr Maliýa, Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň Kabuldaky habarçysy Alym Rahmanýar, etniki türkmenleriň ýarym resmi söweşiji toparynyň serkerdesi Abdulhekim Kumandan hem-de owgan türkmenleriniň wekillerinden Gulam Destegir bilen geçirilen söhbetleri siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Agyr howa şertlerinde iýmit önümleriniň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýän içerki bosgunlar wagtlaýyn çadyrlarda ýatyp turýarlar, olaryň iýmäge çörekleri, geýmäge egin-eşikleri gaýgy.Azatlyk Radiosy olaryň duçar bolýan durmuşy barada 21-nji maýda wideo maglumat çap etdi: Wideo: Demirgazyk Owganystanda ýüzlerçe etniki türkmen içerki bosgunlyga sezewar boldy