Italiýanyň meşhur klublaryndan “Milanyň” nobatdaky gezek eýesiniň üýtgemegine garaşylýar.Golaýda kluby satyn almak üçin bahreýnliler gepleşiklere başlapdy. Ýöne “Milana” eýeçilik etmek üçin ýene bir kompaniýa ýüze çykdy.
Amerikaly “Ellion Management” kompaniýasynyň eýeçiligindäki “Milan” toparyna başga bir amerikan inwestision kompaniýasy “RedBird Capital Partners” hem hyrydar boldy.Bu barada “Il Giornale” salgylanan “MilanNews.it” habar berýär.Bahreýniň “Investcorp” kompaniýasynyň “Milany” satyn almak üçin 1,18 milliard ýewro tölemäge taýýardygy ozaldan bellidi.
Täze hyrydar kompaniýanyň bolsa 1,3 milliard töläp biljekdigi, üstesine-de täze stadion üçinem goşmaça 500 million ýewrolyk çykdajy etmäge taýýardygy habarda bellenilýär. “Milany” haýsy kompaniýanyň satyn aljakdygy geçiriljek gepleşiklerden soň öňümizdäki günlerde belli bolar.
Ýeri gelende aýtsak, “RedBird Capital Partners” kompaniýasynyň garamagyndaky “Fenway Sports Group”-yň eýeçiliginde “Premier Liganyň” wekili “Liwerpul” futbol topary, ABŞ-nyň “Boston Red Soks” beýsbol topary, NHL-iň “Pittsburg Pingwins” hokkeý topary, Fransiýanyň “Tuluza” futbol topary (paýnamanyň agramly bölegi) ýaly klublar hem bar.