Iki kilometrlik gökdirän gurlar

Saud Arabystany belentligi iki kilometre ýetýän gökdirän gurmakçy. Bu bina Dubaýdaky 828 metrlik “Burj Halifa” gökdiräninden hem birnäçe esse beýik bolar. Bu barada “Middle East business intelligence” neşiri habar berdi.

Ägirt uly binany ýurduň Özygtyýarly gaznasy gurmagy maksat edinýär. Bina Er-Riýadyň demirgazygynda gurlup, meýdany 18 inedördül kilometrden ybarat bolar. Potratçylar taslama 5 milliard dollar baha kesýärler. Neşiriň ýazmagyna görä, häzirki wagtda gatnaşmak üçin bir million dollar töleg geçirmek şerti bilen bäsdeşlik geçirilýär.

Şol bir wagtda Patyşalygyň demirgazyk-günbatarynda “Mirror Line” atly uzynlygy 120 kilometre we beýikligi 490 metre ýetýän şäher gurulýar. Ol ýerde bäş million adam ýerleşip biler. Ol öz arasynda pyýadalar üçin geçelgeler arkaly birikdirilen iki sany gökdirän görnüşinde bolar.

Häzirki wagtda ýurtda iň beýik bina Patyşalygyň sagat diňi bolup, ol Mekgedäki Abraj al-Beýt (601 metr) atly beýik binalar toplumyna degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurlar
Türkmenistanly pensioner maşgala iki sany uly bolmadyk ýyladyşhanada limon ösdürip ýetişdirýärler, Jebelde täze halkara howa menziliniň gurluşygy başlandy, Lewandowski Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda Bawariýa garşy oýnar
Gurluşygy gaýtadan dikeldildi
Saud Arabystanynda iki kilometrlik gökdirän gurmakçy bolýarlar
6-njy martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Mekgedäki Sagat minarasyna ýyldyrym çakdy