Global derejede iş alyp barýan awiakompaniýalar 2023-nji ýyldaky girdejilerini iki esse artdyrmagy maksat edinýärler. Syýahatçylyga bolan islegiň ýokarlanmagy bilen kompaniýalaryň ýylyň dowamyndaky peýdasynyň ozalky çak edilişi ýaly, 4,7 milliard dollardan 9,8 milliard dollar boljakdygyny çaklaýarlar.
Bilermenler tomus paslynda has köp adamyň syýahat etmegine garaşýar.Mundan nebitiň bahasynyň arzanlamagynyň hem täsiriniň bardygy bellenilýär. Ýangyç awiakompaniýalaryň esasy çykdajy bölegini emele getirýär. Şeýle hem üstümizdäki ýyldaky girdejiniň pandemiýadan ozalky döwürdäkä golaýlaşjakdygy bellenilýär. 2019-njy ýylda bu pudakdan jemi 838 milliard dollar girdeji gazanylypdy. Üstümizdäki ýylda bu görkezijiniň 803 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.
Halkara howa gatnawlary bileleşiginiň (IATA) baş müdiri Willi Walş pudaga bagyşlanan maslahatda bu ýyl pandemiýanyň yzda galandygyny we serhetleriň adaty ýagdaýda açylandygyny mälim etdi.Onuň sözlerine görä, serhetler açylany bäri entek köp adam syýahat etmedi, emma syýahat etmegi meýilleşdirýär.
Bu ýagdaýyň ýylyň ahyryna çenli dowam etmegine garaşylýar.
Ýylyň dowamynda dünýäde 4,35 milliard ýolagçynyň howa gatnawyndan peýdalanmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, ýolagçy sany 2019-njy ýyldakynyň 96 göterimine barabar bolar.
Walş syýahatçylyga bolan islegiň iş orunlarynyň artmagy bilen ýokarlanandygyny belleýär. Bu ýagdaý adamlara söwda etmäge höwes döredip, halaýan zatlaryny etmeginde ynam döredýär.
Maglumatlara görä, howa gämileri arkaly ýük gatnawynyň entek garaşylan derejä ýetmändigi mälim edildi. 2019-njy ýylda 61,5 million tonna ýük daşalan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkezijiniň 57,8 million tonna bolmagyna garaşylýar.