Iki ägirdiň doglan güni

Sportuň taryhynda şu gün, 23-nji awgustda, 2 sany futbol kluby esaslandyrylýar. 1923-nji ýylda

Ispaniýanyň Wigo şäheriniň

“Selta” topary

hem-de ondan 1 ýyldan soň, Fransiýanyň

çempionaty “Ligue 1”-de çykyş edýän “Monako” futbol topary döredilýär. Italýan

futbolynyň iki meşhur ýyldyzy hem şu gün dünýä inýär. Italýanyň Dünýä

çempionatyna 2 gezek çempionlygyna uly goşant

goşan Juseppe Meazza mundan 90 ýyl ozal şu gün

dogulýar. Ol 1979-njy ýylda-da 69 ýaşyna 2 gün galanda, 21-nji awgustda aradan çykýar. Şeýle-de, italiýaly başga bir

ýyldyz oýunçy Demetrio Albertini hem şu gün 49 ýaşaýar.

Şu gün ýene bir dünýä ýyldyzynyň, basketbolyň tutuş dünýäde giňden

ýaýramagyna täsir eden amerikaly super ýyldyz, şu ýylyň başynda pajygaly dikuçar heläkçiliginde aradan çykan,

merhum Kobe

Braýantyň hem

doglan güni.

1910 Italiýaly futbolçy, Dünýäniň çempiony Juseppe Meazza dünýä inýär.

1923 Ispaniýanyň “Selta” (Wigo) futbol topary esaslandyrylýar.

1924 Monakonyň “Monako” (Monte

Karlo) futbol topary esaslandyrylýar.

1933 Londonda geçirilen Arçi

Sikston bilen Laori

Raiteriniň arasyndaky boks duşuşygy

teleýaýlymda görkezilen ilkinji boks duşuşygy bolýar.

1971 Italiýaly futbolçy Demetrio

Albertini dünýä inýär.

1978 Amerikaly meşhur

basketbolçy, super ýyldyz Kobe Braýant dünýä inýär.

Ýene degişli makalalar

Kobi Braýanta we onuň gyzyna ýadygärlik heýkeli dikildi
“Ýüzükleriň hökümdarynyň” awtory birinji orny eýeledi
Ýaş suratkeşiň täsin çeperçilik çemeleşmeleri ýa-da A.Derýaýewiň özboluşly sungat ýoly barada
Sportuň taryhynda şu gün 30-njy noýabr
3-nji noýabr
“Los Anjeles Leýkersiň” 17-nji çempionlygy