Häzirki wagtda elektrik energiýasynyň arassa çeşmelerden alynmagyna hökümetler goldaw berýän bolsa, hususy kompaniýalar hem munuň üçin täze taslamalary durmuşa geçirýärler.Bu ugurda işleýänler diňe elektroulag ýa-da tehnologiýa kompaniýalary däl, eýsem, beýleki pudaklarda iş alyp barýan kompaniýalar hem iş alyp barýarlar. Şeýle kompaniýalaryň arasynda öý we ofis mebellerini we hojalyk harytlaryny satýan IKEA hem goşuldy. “Ingka Group” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jesper Brodin 2025-nji ýyla çenli IKEA-nyň harytlaryny müşderileriň salgysyna eltip berýän ähli ýük ulaglarynyň elektroulag boljakdygyny mälim etdi.
Mebel önümlerini satýan dünýäniň iň uly bölek söwda kompaniýasy bolan IKEA dükanlaryna Niderlandlaryň “Ingka Group” kompaniýasy eýeçilik edýär. Şwesiýanyň IKEA kompaniýasy gurnamagy aňsat bolan hem-de arzan bahaly mebelleri öndürmegi bilen tanalýar.
Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli daşky gurşawa degişli taslamany durmuşa geçirýär.Eýýäm kompaniýa käbir şäherde sargyt edilen harytlaryň müşderileriň öýlerine elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglarda iberilýändigini mälim etdi.
Altymyrat Agajanow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy