IIM-niň täze başlygy raýatlaryň hereketine girizilen çäklendirmelere gözegçiligi güýçlendirýär

IIM-niň täze başlygy raýatlaryň hereketine girizilen çäklendirmelere gözegçiligi güýçlendirýär

Häkimiýetler global pandemiýanyň fonunda raýatlaryň bir welaýatdan beýleki welaýata gidip-gelmegine 2020-nji ýylyň martynda çäklendirme girizdi. Aradan bir ýyl geçenden soňra, bahar aýlarynda käbir çäklendirmeler tapgyrlaýyn gowşadylyp başlandy. Tomsuň gelmegi bilen sebitara otly gatnawlary täzeden ýola goýuldy.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary täze içer işler ministriniň wezipä bellenilmeginden soňra, hereket çäklendirmelerine gözegçiligiň güýçlendirilýändigini habar berýärler.

Golaýda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öňki içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewi “başga işe geçmegi sebäpli” wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Öwezdurdy Hojanyýazowy belledi.

Azatlygyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmesiniň maglumatlaryna görä, täze ministr täze bir buýruga gol çekipdir. Täze buýruga laýyklykda, raýatlaryň bir welaýatdan başga welaýata gidip gelmegine gözegçilik güýçlendirildi. Şu günler Türkmenistanda raýatlar negatiw COVID-19 test netijesini görkezmezden şäherara otly gatnawlary arkaly, ýa-da içerki uçar gatnawlary arkaly bir welaýatdan beýleki welaýata gidip bilmeýärler.

Çeşmäniň sözlerine görä, Çakyyýewiň wezipeden boşadylmagy onuň ýurt boýunça koronawirus çäklendirmelerine gözegçiligi gowşatmagy bilen ilteşdirilýär.

“Prezident içeri işler ministrini doly lokdawn düzgünleriniň dogry berjaý edilmezligi sebäpli wezipeden boşatdy” diýip, çeşme aýtdy.

Türkmenistan öz çäginde hiç hili koronawirus hadysasyny resmi taýdan hasaba almady.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, öňki ministr işden boşadylan güni Marydan Aşgabada gelýän ýolagçy otlusyndaky ähli ýolagçylar Murgapda otludan düşürilipdir.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ençeme ýolagçylaryň prowodnik bilen ylalaşyp, 200 manat töleg bilen otla münendiklerini habar berýär. Görnüşinden, prowodnik bilen bikanun ylalaşykdan soň, otla münmek üçin koronawirus testi talap edimleýän çemeli.

“Bir [aşgabatly] tanşym körpe ogly bilen Mary welaýatynyň Serhetabat şäherinde ýaşaýar.Golaýda onuň ejesi aradan çykdy.Ol Aşgabada gelmek üçin prowownik bilen ylalalaşyp, adam başyna 200 manat pul töläp, otla münüpdir. Şol gün täze ministriň buýrugyndan doň, otludaky ähli ýolagçylar Murgapda düşürildi.

Adamlar çägeligiň içi bilen hususy taksi tutup, Tejen şäherine ýetdiler.Ol ýerden başga bir hususy taksi tutup, Ak bugdaýa, Ak bugdaýdan paýtagta ýetdiler” diýip, habarçynyň söhbetdeşi gürrüň berdi.

Bu aralykda, 1-nji iýulda geçirilen Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda prezident Berdimuhamedow howpsuzlyk ýolbaşçylaryndan içerki migrantlary gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, täze ministriň wezipä bellenilmeginden soňra, welaýatlarda gyssagly koronawirus testleriniň tölegleri gymmatlady. Bir welaýatdan başga welaýata gitmek üçin negatiw test netijesi gerek.

Meselem, welaýatlarda koronawirus testiniň bahasy 100 manat, ýöne gyssagly netije almak üçin bu puluň üstüne ýene-de 100 manat goşmaly.

“Jogapkär lukmanlar negatiw koronawirus test netijesi barada güwähat bermek tölegli hyzmat hödürleýärler” diýip, bir maryly ýolagçy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

1-nji iýulda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusiýanyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda öňki içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewi wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Öwezdurdy Hojanyýazowy içeri işler ministri wezipesine belledi.

Konstitusiýasynyň 71-nji maddasy Türkmenistanyň prezidentinden içeri işler ministrini wezipä bellemek üçin ýa-da wezipeden boşatmak üçin Halk Maslahatyndan razylyk almagy talap edýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygydyr.

Kagyz ýüzünde Berdimuhamedow içeri işler ministrini wezipä bellemek üçin ýa-da ony wezipeden boşatmak üçin öz-özünden razylyk almaly.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi
Berdimuhamedow IIM-e ahyrky duýduryş bilen berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler ministrine berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň sebitlerinde ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokady gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi