IIM-niň başlygy täzelenenden soň, ýol hereketine gözegçilik güýçlendirildi

IIM-niň başlygy täzelenenden soň, ýol hereketine gözegçilik güýçlendirildi

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde, Mary we Lebap welaýatlarynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy (PÝGG) ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçiligi ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirdi.Habarçymyz paýtagtda düzgün bozan sürüjilere 15 güne çenli türme tussaglygynyň göz öňünde tutulýandygyny aýdýar.

Bu waka, ýurduň içeri işler ministriniň täzelemeginiň we döwlet telewideniýesinde ýol hereketiniň düzgünlerini gödek bozandygy aýdylýan onlarça ulag sürüjisiniň görkezilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy 7-nji aprelde PÝGG-niň işgärleriniň paýtagtyň köçelerinde ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilşine örän berk gözegçilik edendigini habar berýär. Ýöne ol şol güni sürüjileriň-de öz ulaglaryny örän seresaplylyk bilen sürendigini hem belleýär.

"Ýol hereketiniň düzgünlerini bozup, ýokary tizlikde ulag süren raýatlaryň käbirine 15 güne çenli türme tussaglygynyň göz öňünde tutulýandygy aýdylýar" diýip, aşgabatly ulag eýeleriniň biri 8-nji aprelde anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Mary welaýatynyň PÝGG işgärleri hem şäheriň dürli köçelerinde durup, ulag sürüjilerine garşy geçirýän reýdlerini güýçlendirdiler.

Maryda käbir ulag sürüjilerine bir günde bäş sany pul jerimesi salyndy. Habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan ulag sürüjileriniň ençemesiniň sözlerine görä, PÝGG-niň işgärleri düzgün bozmadyk sürüjileri hem saklap, olara dürli bahanalar bilen günde birnäçe gezek jerime ýazýarlar.

"Düýn meni polisiýa bäş gezek saklady.Meni saklan birinji polisiýa işgäri maňa derman guty üçin, ikinjisi "tormuza basanyňda, yzky çyraň biri işlänok" diýip jerime ýazdy.Meni saklan üçünji polisiýa işgäri "yzky tüsse çykarymda goşmaça enjamyň bardygyny" aýdyp, jerime ýazdy.

Polisiýa tarapyndan dördünji gezek saklananymda, olar ýarym sagat bahana gözläp, iň soňunda ýangyn söndürijimiň wagtynyň geçendigini bahanalap, jerime ýazdylar.Meni bäşinji gezek saklan polisiýa işgäri ulagymy ýokary tizlikde sürendigimi aýtdy" diýip, maryly ulag sürüjisi 8-nji aprelde gürrüň berdi.

Habarçymyz PÝGG-niň sürüjilere ýazýan bu jerimeleri sebäpli häzirki wagt köp raýatyň öz awtoulaglaryny sürüp, ýola çykmaga gorkýandygyny hem belleýär.

7-nji aprelde Lebap welaýatynda hem ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçilik ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirildi.

Sebitdäki habarçymyzyň maglumatyna görä, welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäherinde PÝGG-niň işgärleri uly köçelerde we olaryň çatryklarynda durup, düzgün bozan sürüjilere jerime ýazdylar. Şäheriň uly köçelerinde eli radarly polisiýa işgärleri hem köp boldy.

Habarçymyz güýçlendirilen gözegçilikleriň Türkmenabatda ýol hereketiniň has asudalaşmagyna getirendigini belläp, sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý edip, "has tertipli" ulag sürendigini hem aýdýar.

"Şäheriň köçelerinde birek-birege sylaşyk has güýçli boldy. Sürüjiler ulaglaryny kesgitlenen tizlik boýunça sürdüler. Pyýadalara ýoldan geçmek üçin ýol berildi" diýip, lebaply sürüji gürrüň berdi.

Habarçylarymyz gözegçilikleriň güýçlendirilmeginiň sebäpleri we onuň näçe wagt dowam etjekdigi barada aç-açan maglumatyň ýokdugyny aýdýarlar. Bu çäreler barada ýurduň Içeri işler ministrliginiň resmi websaýtynda hem hiç hili habar ýa maglumat berilmeýär.

Ýöne bu waka, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Içeri işler ministrliginiň başlygyny täzelemeginiň we döwlet telewideniýesinde ýol hereketiniň düzgünlerini gödek bozandygy aýdylýan onlarça ulag sürüjisiniň görkezilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

6-njy aprelde prezident howpsuzlyk mejlisini geçirip, öňki içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy Muhammet Hydyrowy içeri işler ministri wezipesine belledi.

TDH-nyň habaryna görä, prezident öňki ministriň işden kowulmagyny onuň bu wezipede işlän döwründe goýberen kemçilikleri üçin alan berk käýinçleri we duýduryşlary bilen esaslandyrdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen bir hatarda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary tizlikde ele salnan 30-dan gowrak sürüjiniň jogapkärçilige çekilendigi aýdyldy.

Bellesek, Türkmenistanda IIM-niň ýolbaşçylary ýygy-ýygydan, köplenç açyk aýdylmaýan "kemçilikleri" sebäpli täzelenip durýar. Täze wezipä bellenen resmileriň öz ýolbaşçylyk edýän pudagyna gözegçiligi birbada güýçlendirýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

2019-njy ýylda Çakyýewyň ministrlige bellenen döwri edara-kärhanalara baryp, barlaglary geçirýändigi habar berildi. Şeýle-de, polisiýa işgärleriniň para almakdan çekinýändigi barada maglumatlar hem gelip gowuşdy. Emma habarçylar soň parahorlugyň ýene ozalkylary ýaly dowam etdirilendigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryny we IIM-niň başlygyny täzeledi
Türkmenistanyň Prezidenti içeri işler ministrine berk käýinç yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň sebitlerinde ýangyna garşy 8 sany howpsuzlyk nokady gurlar
Türkmenistanyň Prezidenti täze harby desgalaryň gurluşygy bilen tanyşdy
Hukuk goraýjylar türkmen häkimiýetlerini Ismatullaýewanyň işine täzeden garamaga çagyrdy
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine täze ýolbaşçy bellenildi