Halkara buz hokkeýi federasiýasy (IIHF) Türkmenistanyň 13-15 ýaş aralygyndaky ýaş hokkeý toparlaryny sport esbaplary bilen uly möçberde mugt üpjün etdi.
Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň başlygy Jora Hudaýberdiýewiň habar berşi ýaly, bu ylalaşyk Pragada geçirilen IIHF-niň maý aýyndaky Kongressinde gazanyldy.
Sport esbaplarynyň düzümine kelte sport balaklary, döş goraglary, tirsek goraglary, baldyr goraglary, hokkeý klýuşkalary, gorag ellikleri, bokurdak üçin ýörite goraglar we beýlekiler girýär. Bularyň hemmesi ýakyn wagtda Galkan, Şir, Oguzhan, Alp Arslan we Bürgüt ýaly ýaş toparlaryň arasynda paýlanar. Bu grantlary resmileşdirmekde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti ýene-de uly ýardam berdi.
Bu ýerde IIHF-niň biziň bilen örän işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini we islendik haýyşymyza jogap berýändigini aýtmak gerek.Halkara federasiýasynyň prezidenti Lýuk Tardifiň özi biziň sport guramamyzyň işi barada elmydama oňyn garaýyş bildirýär.
Bu gurama diňe bir milli derejede däl-de, eýsem halkara derejedäki hokkeýi wagyz etmeklige we ösdürmeklige hem şonuň ýaly işjeň gatnaşýar — diýip, Neýtralnyý Turkmenistan gazeti Hudaýberdiýewiň sözlerini getirýär.
Ol şeýle hem sport maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň döwlet tarapyndan goldaw berilmeginiň hem-de Türkmenistanyň hökümetiniň sporty ösdürmäge berk üns bermeginiň netijesinde mümkin bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.